Täze sepgitleri nazarlap

Täze sepgitleri nazarlap 

Täze taryhy döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ykdysady ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň geçirilmegi, ýurdumyzy durmuş- -ykdysady taýdan ösdürmek boýunça anyk wezipeleriň bellenilmegi halk hojalygynyň pudaklarynyň işini kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, täze iş ýerlerini döretmek, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti depginli ösdürmek ýaş nesilde ykdysady medeniýeti, pikirlenişi kemala getirmekden, hojalyk işinde hünärlere ugrukdyrmakdan, olarda telekeçilik endiklerini kemala getirmekden, bilim, başarnyk we tejribe almaklaryny üpjün etmekden, ýaşlaryň durmuşa doly gatnaşmaklaryny gazanmakdan, şahsyýetiň durmuşa ykdysady taýýarlygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Abdylla Myra­dow, 

Balkanabat şäher salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň salgyt inspektory.