2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, ministrligiň ýolbaşçylarynyň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylarynyň we degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideoaragatnaşykda geçirilen duşuşyk hem biziň aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
Duşuşykda gaznanyň işgärleriniň saparynyň maksatlary, ýurdumyzyň soňky ykdysady ösüşleri, çaklamalary we strategiki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan maslahatlara taýýarlyk boýunça meselelere seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi