Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler.
Iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar batly depginler bilen ösdürilýär we ol yzygiderli häsiýete eýedir. Geçen on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 13 sany döwlet, resmi we iş saparlary guraldy, şonuň ýaly-da, halkara duşuşyklardyr forumlaryň çäklerinde bilelikdäki çäreleriň ençemesi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Teswirnama gol çekmek arkaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular we deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslandy hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.
Ýurtlaryň sebitiň beýleki döwletleri bilen ysnyşykly hereket etmek arkaly syýasy taýdan özara goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklaryny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depgininiň ähmiýetli görkezijileriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Daşary syýasatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň garaýyşlary derwaýys sebit we halkara meseleleri babatda gabat gelýär. Ýurtlar GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn edaralarynyň çäklerinde, halkara guramalaryň ençemesinde Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary gatnaşdylar. Bu merkeziň açylmagynyň, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagy, suw serişdeleri bilen bagly bolan meseleleriň kadalaşdyrylmagy bilen birlikde, Merkezi Aziýada ýaragsyzlanmak hereketlerine itergi bermäge, sebitiň derwaýys beýleki meseleleriniň çözülmegine gönükdirilendigini bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar iki ýurduň geosyýasy taýdan ýerleşiş nukdaýnazaryndan ugur alyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň ýokary derejede halkara we sebit gün tertibi boýunça geçirýän geňeşmeleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde işjeň ösdürilýär. Muňa iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan önjeýli hyzmatdaşlygy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Täjigistan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa ugurly halkara başlangyçlaryny, şol sanda ýurdumyzyň halkara we sebit derejesindäki guramalara hem-de olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar. Dostlukly ýurt BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady, şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Täjigistanyň şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň hem awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek gerek. Öz nobatynda, Türkmenistan täjik tarapynyň halkara guramalara agzalyk boýunça ýüztutmalaryna we başlangyçlaryna oňyn baha berýär, Täjigistan tarapyndan BMG-de hem-de beýleki abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän Kararnamalary goldaýar. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) ýurtlaryň ikisiniň-de sebit çygrynda işjeň hereket edýän oňyn meýdançalarynyň biri bolup çykyş edýär.
Mundan başga-da, iki ýurduň köptaraplaýyn we milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikdäki işler hem netijeli alnyp barylýar. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň şahalaryny» agzalan sanawa girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy we bu ugurda sazlaşykly işler dowam edýär.
Soňky döwürde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn esasly hyzmatdaşlyk maksatnamalary syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketleriň ösüş depginini kesgitleýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagyň, şeýle-de sebit we ählumumy derejede özara hereket etmek bilen birlikde, ikitaraplaýyn häsiýete eýe bolan derwaýys meseleler babatda pikir alyşmagyň ygtybarly guraly hökmünde ulanylýar.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon majlisiniň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk topary döredildi. Şeýle-de iki ýurduň parlamentarileri döwletleriň kanun çykaryjy edaralary tarapyndan geçirilýän köpugurly çärelere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara topary hereket edýär. Häzirki wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. Toparyň onunjy mejlisi şu ýylyň 28-nji iýulynda Duşenbe şäherinde guraldy. Onuň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň hemmetaraplaýyn ilerledilmegine itergi berýär.
Ýurtlaryň ikisiniň-de sebit meseleleriniň çözgüdinde özara hereket etmek babatda taryhy ähmiýete eýe bolan tejribeleri bar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir döwletleriň ikisi üçin aýratyn wajyp bolman, eýsem, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň derwaýys şertleriniň biri bolup çykyş edýändigini nygtamak zerur. Türkmenistan hem-de Täjigistan diňe syýasy-diplomatik serişdeleriň kömegi bilen goňşy Owganystanda parahatçylygy gazanyp boljakdygyna ynanýar. Iki döwletiň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de işjeň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge ymtylýandyklaryny aýratyn bellemek gerek.
Merkezi Aziýadaky suw-energetika meseleleri ikitaraplaýyn özara hereketleriň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýurtlaryň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde Aral deňziniň sebitinde degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda halkara guramalar, donor-ýurtlar, ekologiýa hem-de beýleki ugurly gaznalar bilen ekologik meseleleriň çözgüdi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrundaky bilelikdäki tagallalary hem aýratyn bellärliklidir.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady hem giňeldilýär. Iki ýurduň arasynda kabul edilen ylalaşyklar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýum, salgyt we gümrük ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny kemala getirýär. Türkmenistanyň we Täjigistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriniň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar derwaýys ähmiýete eýedir, çünki ol ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi bermek bilen, iki doganlyk halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk harytlary, gurluşyk materiallary we himiýa senagatynyň önümleri Täjigistan Respublikasyna iberilýän harytlaryň esasy bölegini emele getirýär. Nebit we gaz, energetika, ulag kommunikasiýalary, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we beýlekiler iki ýurduň ykdysady ulgamda alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar.
Bu ugurlarda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag-logistika ulgamyndaky özara hereketleri hem sazlaşykly ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Yslam ösüş bankynyň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ÝUNESKAP), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda sebitleýin gatnaşyklara iş ýüzünde itergi bermek maksady bilen, utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmagyň zerurdygy ýene bir ýola aýratyn nygtaldy.
Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde soňky ýyllarda döwletleriň arasynda medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi aýratyn mazmuna eýe boldy, çünki ol halklaryň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň we parahatçylygyň has-da pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda medeniýet, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär. Çünki bu gatnaşyklaryň özeninde türkmen we täjik halklarynyň çuňňur taryhy kökleri hem-de baý medeni mirasy bar. Iki ýurduň wekiliýetleri medeni we ylmy ugurly bilelikdäki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetiniň 6-njy awgustda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky çärelere hem işjeň gatnaşýandygyny bellemek wajypdyr.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary hem-de dostlukly ýurduň Lideriniň Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine oňyn itergi bermek bilen, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda nobatdaky aýgytly ädimleriň biri bolar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36456