Netijeli hyzmatdaşlyk Watanymyzyň depginli ösüşiniň girewidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatyna mahsus ýörelgeler — kabul edilen çözgütleri amala aşyrmakdaky täzeçillik, yzygiderlilik, bellenen meýilnamalara iş ýüzünde amal etmek hem-de uzak möhletleýinlik ýörelgeleri beýleki ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň binýadyny düzýär. Çalt depginlerde ösýän Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze pudaklary döretmäge uly orun bermek bilen innowasion işläp düzmeleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns berýär.

Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm böleginiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselesidigini bellemek gerek. Geçen hepdede bu meselä has-da uly orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramçylyklaryna taýýarlyk görmek hem-de iýun aýynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligini guramak bilen bagly meselelere seredildi.

Milli Liderimiz maslahatda ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda ulagyň saglyk üçin peýdaly bolan welosiped görnüşini ulanmak bilen bagly guralýan ekologiýa çäresiniň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji maýda şu çäräniň çäklerinde Aşgabadyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Welosipedli ýörişe Köpetdagyň eteginde badalga berildi. Ekologiýa çäresiniň dowamynda ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel şaýollarynyň ugry boýunça geçýän welosipedli ýörişiň aýry-aýry böleklerinde oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary goşulyşdylar.

Şonuň ýaly-da, ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ekologiýa sport çäresine täze goşulýanlaryň sany artýar. Olaryň hatarynda talyplar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hormatly Prezidentimiziň sowgat beren welosipedlerinde ýörişe goşuldylar.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda, ekologiýany gowulandyrmagyň, şäherimizi bagy-bossanlyga büremegiň, seýilgähleri hem-de seýilbaglary degerli derejede saklamagyň, şäherlileriň durmuşynyň derejesini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meselelerini elmydama üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ilatyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny hem belledi.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi ýurdumyzyň Baş meýdançasynda tamamlap, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamyň beden taýdan sagdynlygy, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe beýleki gatnaşyjylar “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar, ol ýerde paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň («SOCAR») ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygy, şol sanda taslamalary amala aşyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky iri “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar.

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ýapon Hökümetiniň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň geljegini, şonuň ýaly-da, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy, dokma senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, söhbetdeşler ylym-bilim ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda uzak möhletleýin esasda netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanmalara halklarymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk, umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlyk ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we gyrgyz halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Iki döwletiň Baştutanlary özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, işjeň gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şonuň ýaly-da, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit hem-de halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň meselelerine garaldy. Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” üstaşyr-ulag geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan türkmen Liderine doganlyk raýdaşlygy hem-de döwletiň durnukly ösmeginde uly goldawy, berýän ykdysady we ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Hökümet mejlisiniň gün tertibine 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamagyň, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, azyk pudagyny pugtalandyrmagyň, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşiniň meseleleri girizildi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ýubileý medalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mejlisde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherine iş saparynyň netijelerine garaldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ählumumy energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörelgesi beýan edildi. Koronawirus ýokanjyna garşy göreş we onuň täsirlerini ýeňip geçmek, lukmançylyk, saglygy goraýyş hem-de ylym ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şeýle hem halkara we sebit derejedäki möhüm meselelere garaldy. Howpsuzlygy, durnuklylygy we sazlaşykly ösüşi saklamak işinde daşary syýasaty utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygynyň dowamynda taraplaryň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Taraplar ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyp, däbe öwrülen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine üns berdiler.

Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetine başlyklyk edijileriň duşuşygynda strategik häsiýetli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda söwda-ykdysady ugurlardaky özara gatnaşyklara möhüm üns berildi. Duşuşyga HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň dürli pudaklar boýunça ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, hökümetara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary berkitmegiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, gowaça, gök we bakja ekinlerine ýokary hilli ideg işleriniň üpjün edilmelidigini tabşyryp, “Türkmenistanda 2021-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda” Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji synp okuwçylarynyň ýörite multimediýa okuw gollanmalary we kompýuterler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda” Karara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän milli telekeçiler üçin 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan birnäçe harytlara gümrük pajy ýatyryldy. Bu çözgüt ýurdumyzyň eksport edijilerini goldamaga gönükdirilendir. Munuň özi Türkmenistanyň daşary söwdasynyň möçberlerini artdyrmaga, içerki önümçiligiň ösdürilmegini höweslendirmäge mümkinçilik berer.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň, IIM-niň, ýurdumyzyň ulaglar düzümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri tomusky dynç alyş möwsümini, şol sanda Hazaryň kenarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler, dürli görnüşli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminiň tertipnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda goşmaça awiagatnawlary guramak, ýolagçy otlularyň ýörite gatnawlaryny ýola goýmak we Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça awtomobil gatnawlaryny üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan waksinalaryň 3 görnüşi, HHR-den bolsa 2 görnüşi gelip gowuşdy.

Dynç alşa ýollamanama alan 18 ýaşdan ýokary bolan raýatlara СOVID-19-a garşy waksina alandygyny we soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyny aňladýan degişli güwänama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz gezeklerinde, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyny geçendigi hakynda resminama we güwänama alarlar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hyzmat edýän işgärler bellenilen tertipde hökmany lukmançylyk barlagyndan geçerler we СOVID-19-a garşy test barlagyny geçendikleri hakyndaky resminamany alarlar.

Ekologiýa, topragyň, howanyň we Hazaryň kenaryndaky suwuň arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy, suw arassalaýjy we beýleki desgalaryň, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerleriniň derejesi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümeti bu howply ýokanja garşy örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlady. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk düzümleriniň işi bu täze howpa garşy göreşmäge gönükdirildi.

Biz öz wagtynda amala aşyrylan çäreleriň we ýerine ýetirilen ägirt uly işleriň netijesinde ýiti öýken sowuklama keseliniň döwletimiziň çägine getirilmeginiň we onuň öňüniň alynmagynyň başardandygyny aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz belledi. Şundan ugur almak bilen, şu gün ozal yglan edilen birnäçe çäklendirmeleri aýyrmak hakynda çözgüdiň kabul edilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz birnäçe pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni adamlaryň saglygyny we dynç alşyny berkitmek üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipelere çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz şypahanalarynyň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan täze desgalaryň, şeýle hem Hazaryň kenaryndaky senagat we ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, deňziň kenarynda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary taýýarlananda, onuň ekologik ýagdaýy, ýerli tebigatyň aýratynlyklary we amatly, estetika taýdan ýakymly gurşawyň döredilmegine bildirilýän häzirki zaman talaplary hökmany ýagdaýda göz öňünde tutulmalydyr.

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi guradylar.

Diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, teleköpri görnüşde geçirilen foruma hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz, hyzmat we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik hem-de ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäniň onlarça döwletinden 200-den gowrak kompaniýanyň 500-e golaý wekilleri bu çärä gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň sanynyň köp bolmagy we onuň öz içine alýan ýurtlaryň sanawynyň artmagy Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň işewürler toparlary üçin maýa goýum babatda özüne çekijidigini aňladýar.

Forumda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň oňyn ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet we daşary ýurtlaryň önümçilik pudagynda alyp barýan işleri sazlaşykly ösýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösmegini şertlendirýär. Şunlukda, iri maýa goýum serişdeleri nebitgaz toplumyna gönükdirilýär.

Bellenilişi ýaly, çaklamalara laýyklykda, dünýä ykdysadyýetiniň we ilatynyň energiýa göterijilere bolan gyzyklanmalary yzygiderli artýar. Şunlukda, tebigy gaza bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Çünki ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, şeýle hem ýangyjyň arzan we ekologiýa babatda arassa görnüşi hasaplanylýar.

Mälim bolşy ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürýän iň iri önümçilige eýe bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumyny köpugurly esasda ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary döretmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Halkara forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Şeýle hem ýangyç-energetika toplumlarynyň düzümleýin bölümleriniň we maliýe-ykdysady toplumlarynyň Türkmenistanyň ygtybarly hasaplanylýan hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirilip, olarda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna täze “Azerbaýjan” gämisi geldi. Ýolagçy, demir ýol we awtomobil ulaglaryny gatnatmak üçin niýetlenen, ýük göterijiligi 5,54 müň tonna, uzynlygy 154 metr bolan täze gämi ilkinji ýüzüşini Türkmenistana amala aşyrdy we biziň ýurdumyza häzirki zaman tehnikalaryny getirdi.

Ýurdumyzyň baş deňiz menziliniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy netijesinde bu ýerde her ýylky ýük daşamalaryň möçberleri yzygiderli artýar we menzile gelýän daşary ýurt gämileriniň sany barha köpelýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda iri halkara üstaşyr ulag merkezine öwrülen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti has-da ýokarlandy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen çäräni Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy bilelikde guradylar. Oňa ýurdumyzyň alymlary, hünärmenleri, şeýle hem onlaýn tertipde Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Alymlar Beýik Seljuklar döwrüniň taryhy, ykdysadyýeti, medeniýeti, edebiýaty, ylmy edaralary we kitaphanalary barada gyzykly arheologik maglumatlary we golýazmalary görkezdiler. Soltan Sanjaryň döwründe Merkezi Aziýada medeni durmuşyň aýratynlyklary, Seljuk hökümdarlarynyň hünär medeniýetine we taryhyna goşan goşantlary barada çykyşlar boldy. Şeýle hem orta asyr edebiýatynda we sungatynda Soltan Sanjaryň keşbine bagyşlanan eserler, dürli döwürleriň görnükli alymlarynyň Soltan hakyndaky işleri barada maglumatlar diňlenildi.

Geçen hepdäniň dowamynda birnäçe ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeni we jemgyýetçilik guramalarynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Olarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň, halkara, syýasy, ykdysady, medeni we ylmy merkezleriň birine öwrülendigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Tanyşdyrylyş dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdy. Ol ýokarda agzalan ekologiýa çäresiniň çäklerinde guraldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda geçirilen milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň şaýoly bilen welosipedçileriň başyny çekip geldi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň rowaçlanýandygyny, Watanymyzyň gülläp ösýändigini we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen alamatlandyrdy.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28853?type=feed