Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işine aýratyn üns berilýär. Konsepsiýada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde döwrebap, ösen innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçiren mejlisinde «Häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaly hem-de nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanyşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem, banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli» diýip aýdanlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly ulgam arkaly bank hyzmatlaryny ösdürmek bilen bagly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginiň uzak möhletli ösüşine ýardam edýän netijeli ulgamlary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar we döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakda esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata amatly mümkinçilikleri döretmek, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu bolsa öz gezeginde milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge oňaýly täsirini ýetirýär.

Döredilýän şeýle amatly mümkinçiliklere mysal hökmünde bank karzlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlaryň banklaryň resmi internet sahypalarynda ýerleşdirilen onlaýn ýüzlenme hyzmatyny görkezmek bolar. Hyzmatdan netijeli peýdalanmak müşderileriň gymmatly wagtlaryny we harajatlaryny tygşytlamagyna ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ulgama sanly bank önümleri hem giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary, şeýle hem «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mysal hökmünde jemgyýetçilik awtobuslarynyň petekleri üçin tölegleri, poçta, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, jemagat hyzmatlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlarynyň, awtoulag ýangyjy, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek we beýlekileri görkezmek bolar. «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlary gözegçilikde saklamaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Günüň islendik sagadynda banka ýüz tutmazdan «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar banklary ilata has hem ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýelerine öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet-bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Şeýle hem, internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp, hem-de olary satyn alyp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, banklar tarapyndan halkara tejribesiniň öňdebaryjy ösen döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler hem alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň barşynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda bank kartlarynyň giňden ulanylmagy, bankyň müşderileriniň maliýe sowatlylygynyň has-da artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwrebap ösen bazar ykdysady şertlerinde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümi bolan sanly bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, karz edaralarynyň müşderileriniň maliýe sowatlylygy babatynda özbaşdak pikirlenip bilmegini tapawutlandyrýar. Şunda, ýaşlaryň ykdysady bilimleri öwrenmäge we sanly maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaý bolup, olaryň alan bilimlerini geljekde uzak möhletli tejribede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap sanly bank hyzmatlarynyň girizilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de täze döwrebap innowasion sanly bank tehnologiýalarynyň banklara ornaşdyrylmagy bilen, täze bank hyzmatlarynyň ulanyşa girizilmegi, sanly ykdysadyýetiň bähbitli ýollarynyň biri hökmünde ykrar edilmegi, alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän sanly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan yzygiderli ilata hödürlenýän täze döwrebap sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Amangül BAÝRAMMYRADOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30650