2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Aziýa Ösüş Bankynyň 54-nji her ýylky duşuşygyň çäklerinde geçirilen «CAREC-iň 20 ýyllygy: Sanly üýtgeşmeler arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy täzeden gözden geçirmek» atly ýokary derejeli ýygnaga gatnaşdy.
Bu ýygnaga Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Infrastruktura Maýa Goýum Bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň hem-de Yslam Ösüş Bankynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda CAREC maksatnamasynyň agza ýurtlarynda pudaklary sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýüze çykýan kynçylyklary we bar bolan mümkinçilikleri, sebitde sanly üýtgeşmeleri çuňlaşdyrmak üçin döwlet bilen hususyýetçilgiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan tejribeler we teklipler barada pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem duşuşykda Aziýanyň Ösüş Banky, Aziýanyň Infrastruktura Maýa Goýum Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň we Yslam Ösüş Banky tarapyndan sanlylaşdyrmak babatynda alnyp barylýan taslamalar we bu guramalaryň CAREC maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny guramagyň mümkinçilikleri barada çykyşlar boldy.
Duşuşykda, oňa gatnaşanlar «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň özüne we agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine wajyp orun berýändiklerini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli umumyadamazt ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi