Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça

BÄSLEŞIK


1. LOT № 118.

Baýramaly etrabynyň ýerlerini suwlandyrmak üçin Tahyrbaý kanalynyň geçirijilik ukybyny 20 müň metr kub çenli ýokarlandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.


2. LOT № 141.

Welaýatyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


3. LOT № 146.

Ministrligiň tabynlygyndaky binalaryň we desgalaryň ýüzleý abatlaýyş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


4. LOT № 148.

Ot söndürijileri doldurmak we kuwwatlandyrmak hyzmatlaryny etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


5. LOT № 149.

Inžener topar üçin kömekçi enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


6. LOT № 192.

Degişli serhet galalarynyň binalaryny düýpli abatlamak üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.


7. LOT № 213.

Saýat etrabynyň Saýat şäherçesiniň we Dänew etrabynyň Dänew şäheriniň hassahanalarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy:Lebap welaýat häkimligi.


8. LOT № 215.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky Bereket suw ýygnap paýlaýjy kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasynyň talaba laýyk işlemegi üçin gerek enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


9. LOT № 216.

"Gyzylarbatagyzsuw" müdirligine gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


10. LOT № 217.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky Oglanly şäherçesiniň suw, lagym arassalaýjy desgasy üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


11. LOT № 226.

"Aşgabatýylylyk" trestine degişli çillerlere ätiýaç şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


12. LOT № 228.

Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşliginiň Gyzylymam obasy üçin Ýegenata, Çendir geňeşliginiň Ak obasy üçin Altydogan, Ýaňkel geňeşliginiň Sakar obasy üçin Gyzyl Ýar çeşmesinden suw eltijisine gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


13. LOT № 229.

Gulluk üçin zerur möçberde Döwlet baýdagyny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.


14. LOT № 231.

Awiatehnikalar üçin ýag-ýangyç serişdelerini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


15. LOT № 232.

Guryýer tehnikalary üçin ýag-ýangyç serişdelerini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


16. LOT № 236.

Optiki-süýümli akymyň üsti bilen aragatnaşygy baglamak üçin enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.


17. LOT № 241.

Degişli binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.


18. LOT № 248.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky edara kärhanalaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


19. LOT № 249.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky “Bereket” suw ýygnap-paýlaýjy desga gullugynyň 1-nji suw göterim desgasynyň transformatoryny iýmitlendirmek üçin kabel we ahyrky birikdiriji muftasyny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


20. LOT № 253.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän baýdak saklaýjy enjamynda, sütüniň iç ýüzüniň diwarlarynda we baýdak meýdançalarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


21. LOT № 261.

Welaýat häkimligine gerek bolan programma üpjünçiligini we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


22. LOT № 267.

Ýol hojalygyny abat saklaýyş we ulanyş müdirliginiň hasabynda duran ýerasty pyýada geçelgelerinde, köprülerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


23. LOT № 268.

“Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky Etrek etrap suw geçiriji-ulanyş gullugyna demir turbalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


24. LOT № 271.

Arkadag şäherinde bag nahallaryny, gül şitillerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen şitilhanany gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Arkadag şäher häkimligi.


25. LOT № 275.

Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň täze, döwrebap obasynyň daşarky we içerki elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


26. LOT № 284.

Institutyň işini sanly ulgama geçirmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem, internet toruny kämilleşdirmek boýunça enjamlary gurnamak, olary sazlap, tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.


27. LOT № 285.

Institutynyň işini sanly ulgama geçirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gerekli enjamlary we ygtyýarnamaly programmalary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.


28. LOT № 287.

Ministrligiň zerurlygy üçin ofset kagyzyny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


29. LOT № 290.

Çärjew etrabynyň B.Myradow geňeşliginiň A.Mirzaýew obasyny agyz suw bilen üpjün etmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.


30. LOT № 293.

Türkmenabat şäheriniň çäginde guruljak awtomenzile barýan ýolunyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.


31. LOT № 294.

Türkmenabat şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrunda boş duran ýerde abadanlaşdyryş we ýan-ýodalarynda bejeriş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.


32. LOT № 300.

Gökdepe etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 m3 bolan lagym arassalaýjy desgasyna harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


33. LOT № 309.

Ýylylyk desgalaryna zerur gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


34. LOT № 316.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginde sanly ulgamyny doly we dogry ýöretmek üçin tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Balkan welaýat häkimligi.


35. LOT № 317.

"Daşoguzwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky etrap agyz suw bölümlerine gerek bolan harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


36. LOT № 319.

"Marywelaýatagyzsuw" birleşiginiň düzümindäki müdirlikleriniň, etrap abatlaýyş, ulanyş bölümleriniň awtoulaglaryna we mehanizimlerine dürli ölçeglerdäki tigirleri we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.


37. LOT № 324.

Balkanabat şäherindäki inçekesel hassahanasynyň binasyny düýpli abatlamak üçin gerek bolan gurluşyk harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


38. LOT № 326.

Jemagat hojalygy birleşiginiň tabynlygyndaky Jemagat hojalygy müdirliklerine gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


39. LOT № 331.

Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap obasynyň geňeşliginiň edara binasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


40. LOT № 342.

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin çim otuny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.


41. LOT № 344.

Gidromeorologiýa baradaky gullugyň edara binasyny daş ýüzindäki widiodiwar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.


42. LOT № 345.

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň edara binasynyň ýyladyjy we sowadyjy ulgamy üçin gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.


43. LOT № 352.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň "Awaza" kanalynyň çäginde ýerleşýän awtomobil we pyýada köprilerinde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


44. LOT № 353.

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýyladyş gazanlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.


45. LOT № 354.

Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalar hasabynda duran ýyladyş desgalaryna gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


46. LOT № 364.

Aşgabat şäheriniň etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän sport we çagalar meýdançalarynyň durkuny täzelemek hem-de sport enjamlaryny gurnamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


47. LOT № 378.

Ministrligiň garamagyndaky binalarda we desgalarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


48. LOT № 381.

Türkmenabat şäheriniň prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.


49. LOT № 382.

Kerki etrap kazyýetiniň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.


50. LOT № 386.

Olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirliginiň çägindäki gurnalan dizel generatorlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


51. LOT № 389.

Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak müdirliginiň Maglumat tehnologiýasy ulgamyna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de lisenzion programmalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


52. LOT № 391.

Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak müdirliginiň çägindäki merkezi ýyladyş we sowadyş desgasynyň bug gazanlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


53. LOT № 392.

Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak müdirliginiň çägindäki binalaryň we desgalaryň daşky elektrik enjamlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.



54. LOT № 394.

Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak müdirliginiň çägindäki suw çüwdürimlerine gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


55. LOT № 395.

Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak müdirliginiň çägindäki binalarynyň we desgalaryň sowadyjy (çiller) ulgamyna (WRW ulgamyna, preseinsion ulgamyna we split ulgamyna) ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


56. LOT № 421.

Şabat etrabynda täze ýaşaýyş jaý desgalar toplumyny gurmak, Daşoguz şäheriniň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyna barýan ýollaryny hem-de içerki ýollaryň (№1-28) abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


57. LOT № 429.

Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesinde ýerleşýän 1-nji seýilgähiň durkuny täzelemek we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


58. LOT № 436.

Türkmengala etrabynda kuwwatlygy bir gije-gündizde 25 müň metr kub bolan agyz suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.


59. LOT № 453.

Türkemenbaşyagyzsuw müdirligine zerur gerek bolan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


60. LOT № 458.

Ministrligiň zerurlygy üçin artilleriýa gurluşlarynyň awto tekerleri we serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.


61. LOT № 464.

Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň tabynlygyndaky ertap-şäher jemagat hojalygy müdirlikleriniň hasabynda duran awtoulaglaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


62. LOT № 467.

Bereket etrabynyň Gulmaç şäherçesi üçin ýol belgilerini satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi


63. LOT № 469.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň edara binasynyň bug gazanlaryna, suw sorujy nasoslara, sowadyjy hem-de howalandyrma ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti



64. LOT № 471.

Daşoguz welaýatynyň Könerürgenç etrabynda suw howdanyň gurluşygy desgasyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi


65. LOT № 483.

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň gurluşygy (2-nji tapgyr) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi


66. LOT № 485.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginden agaç nahallaryny ekmek üçin bölünip berlen ýerleriň suwarylmagy üçin desgasyna harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti


67. LOT № 498.

Mary şäheriniň Günorta aýlaw ýolunyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi


68. LOT № 499.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň daşky we içki agyz suw, suwaryş we lagym geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi


Bäsleşik 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 10:00 geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-na sagat 17:00 çenli kabul edilýär we resminamalar sanly ulgam arkaly Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we ykdysa­dy­ýet mi­nistr­li­giniň e.fineconomic.gov.tm internet sahypasyna tabşyrylmaly.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy - Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi. Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-46-39; 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.