Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça
BÄSLEŞIK
1. LOT № 4.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň 2 sany sowadyjy enjamynyna tehniki taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
2. LOT № 5.
Awtoulagyň ätiýaçlyk şaýlaryny, akkumulýatorlary hem-de tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
3. LOT № 6.
Tehniki serişdeleriniň enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
4. LOT № 8.
Könürgenç etrabynyň täze, döwrebap şäherçesine barýan ýolunyň we onuň içerki ýollarynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
5. LOT № 15.
Harby bölümler üçin enjamlary we gap-çanaklary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
6. LOT № 17.
Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda Saglyk öýüni gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
7. LOT № 18.
Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar bagyny we eltiji inžener ulgamlaryny gurmak üçin harytlary we ejnamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda sagat 10:00 geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-na sagat 17:00 çenli kabul edilýär we resminamalar sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň e.fineconomic.gov.tm internet sahypasyna tabşyrylmaly.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy - Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.