Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.
Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.
“Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň öz netijelerini berýändigini, özbek jemgyýetiniň, ýurduň her bir raýatynyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny, doganlyk özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni, maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu gün goňşy Özbegistan Respublikasynyň ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösýändigini, bu ösüşiň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmelerde, onuň halkara giňişlikdäki ýokary abraýynyň artmagynda, täze ykdysady ulgamyň kemala gelmeginde, ilat üçin zerur bolan iň amatly durmuş şertleriniň döredilmeginde öz beýanyny tapýandygyna ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda şeýle netijelere tüýs ýürekden buýsanylýandygyny aýdyp, Özbegistanyň mundan beýläk-de öňe gitjekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara giňişlikdäki özara hyzmatdaşlygy barada nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyna, Birleşen Milletler Guramasyndaky, beýleki abraýly düzümlerdäki başlangyçlaryna berýän üýtgewsiz goldawy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryny resmi taýdan neşir eder we BMG-ä agza ähli döwletlere iberer. Bu resminamada beýan edilen gün tertibindäki möhüm halkara meseleler boýunça ýurdumyzyň çemeleşmeleri köp babatda Özbegistanyň häzirki ählumumy gün tertibinde duran meseleleri çözmäge bolan garaýyşlary bilen gabat gelýär ýa-da meňzeşdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ýurtlarymyzyň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny özara goldajakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň sebit we beýleki köptaraplaýyn formatlardaky köpýyllyk bilelikdäki iş tejribesi hem netijeliligini görkezýär. Milli Liderimiz oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulan halkara çärelere taýýarlyk görmekde Özbegistanyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtap, döwlet Baştutanlarynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sammitleriniň, forumlaryň, maslahatlaryň, medeni we beýleki çäreleriň bilelikde guraljakdygyny aýtdy. Olaryň üstünlikli geçirilmegi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde, GDA giňişliginde, olara ýanaşyk zolaklarda durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-özbek gatnaşyklary barada aýdyp, häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyna ünsi çekdi. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan aýdyň, açyk, netijeli, dostlukly syýasy dialog munuň esasy şerti bolup durýar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary Türkmenistan bilen Özbegistanyň ähli ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Olar syýasy gatnaşyklary giňeltmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugruny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri we hereketleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli zerur tagallalary edýärler.
Iki ýurduň paýtagtlarynda, hususan-da, Daşkentde «Aşgabat», Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy, ýurtlarymyzy birleşdirýän, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň gurluşygy, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde geljekki serhetýaka ykdysady zolagyň nusgasy bolup hyzmat edýän bilelikdäki söwda merkeziniň işe girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda senagat-tehnologik guşaklygyny kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde işlemegiň wagtynyň gelendigini aýtdy. Onuň çäklerinde türkmen we özbek hyzmatdaşlary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly harytlaryny, intellektual önümleri öndürmäge gönükdirilen senagat kärhanalaryny, ýokary tehnologik merkezleri döredip hem-de olaryň işini gurap bilerler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň serhedinde Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Gündogar — Günbatar ugry boýunça özboluşly iri üstaşyr geçelgä öwrüljek ulag-logistika merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, bu agzalan mysallaryň ýakyn geljekde döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan — Özbegistan» Ýokary geňeşiniň döredilmegi ileri tutulýan başlangyçlaryň biri bolup biler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu aýdylanlaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleriň diňe käbirleridigini nygtady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana we onuň halkyna bolan doganlyk garaýyşlaryna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça çuňňur pikirleriniň hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilendigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.