Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 7-nji sentýabr. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen edaralaryň, binalaryň, durmuş maksatly desgalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýuldy. Munuň özi iri şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejäni üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan pikirleriniň we çözgütleriniň, olaryň durmuşa geçirilişiniň tutuş dünýäde uly goldawa, ýokary baha mynasypdygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu bolsa halkymyz üçin örän buýsançly bolup, watandaşlarymyzyň döwrebap Arkadag şäherine hem-de Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize guwanjyny has-da artdyrýar.

Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara serginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerine baryp görmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary serginiň çäklerinde guralan degişli baýraklary gowşuryş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň bu abraýly gözden geçirilişde ýaýbaňlandyrylan diwarlygynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen “akylly” şähere — Arkadag şäherine bagyşlanan bölüm aýratyn orun aldy. Sergä gelenler Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry-aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere, kompaniýalara berildi. Arkadag şäherine berlen baýraklaryň dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup gowşurylandygyny bellemek ýakymlydyr. Bu ajaýyp waka taryhy ähmiýete eýedir. Şunda “Iň tapawutlanan «akylly» şäher diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygyny nygtamak gerek.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Ilki bilen, D.Orazow Gahryman Arkadagymyzy şäheriň ähli ilatynyň adyndan täze şäheriň Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergisinde üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen gutlady hem-de halkara derejeli forumlara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy esasynda türkmen wekiliýetiniň “akylly” şäherleriň sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdelerini öndürijiler bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerinde görmek maksady bilen, Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny aýtdy.

Sylaglary gowşurmak dabarasynda Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany sylaga mynasyp boldy. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr. D.Orazow täze şäheriň halkara baýraklara mynasyp bolmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalarynyň netijesidigini aýratyn belläp, türkmen halkynyň Milli Liderinden bu hoş habary hormatly Prezidentimize ýetirip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoş habary aýratyn kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli ilatyny we ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz munuň tutuş ýurdumyz, halkymyz üçin buýsançly wakadygyny, täze şäheriň ähli görkezijiler babatda gazanýan üstünliklerine guwanýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zaman meýillerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde, gysga wagtyň içinde özboluşlylygy, owadanlygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýan, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we täze tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” şäher kemala geldi. Bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan beýik işleriň ýokary derejede amal bolýandygyny görkezýär.

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, binalaryň içki we daşky bezeg işlerine degişli serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Şolaryň hatarynda döwrebap demir ýol menziliniň, durky täzelenýän Aşgabat — Gökdepe ýolunyň ugrunda guruljak köpzolakly köpriniň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, Yzgant şäherçesine giriş derwezesiniň, Ak han, Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän “Taýçanak” binasynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary, köprüleriň germewleriniň görnüşleri bar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, olara degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, şäher ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň, binalaryň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmegi taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talap bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, täze gurulýan binalaryň, senagat desgalarynyň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, onuň ekologik derejesine we binalaryň ýerleşiş aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Innowasion häsiýete eýe bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn, oýlanyşykly esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, durmuş maksatly toplumlaryň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, ekologik derejesine uly ähmiýet berilmelidigini nygtady. Arkadag şäheriniň gurulmagy, onuň häzirki zamanyň iň ösen, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, nusgalyk şähere öwrülmegi Garaşsyzlyk eýýamynda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň netijesidir. Bu şäher türkmen halkynyň milli binagärlik ýörelgeleriniň döwrüň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygynyň, şeýlelikde, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi, Koreýa Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynda ylmyň gazananlary bilen öňdebaryjy dünýä tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, onuň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli babatda ýokary görkezijilere laýyk gelmelidigini belledi. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan başlangyçlaryň ornaşdyrylmagy, olaryň amala aşyrylmagy halkara giňişlikde ýokary baha mynasyp bolýar. Bu bolsa halkymyzyň ähli tarapdan halkara görkezijilere laýyk gelýän Arkadag şäherine bolan buýsanjyny artdyrýar.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasy degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şol bir wagtda, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, gazanylýan zähmet ýeňişleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Täze şäherde netijeli zähmet çekmek we amatly ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.