Strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran dostluk sapary gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermegiň, geljegi uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemegiň möhüm pursadyna öwrüldi. Saparyň maksatnamasy baý mazmuny bilen tapawutlanyp, şunda Gahryman Arkadagymyzyň 18-nji martda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren resmi duşuşygyna aýratyn orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň iri neşirlerine beren interwýularynyň birinde: «Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi» diýip belläpdi. Soňky ýyllarda barha pugtalandyrylýan syýasy dialog, özara bähbitli ykdysady taslamalardyr bilelikdäki anyk hereketler muny doly tassyklap, Türkmenistan bilen Hytaýyň dünýägaraýşynyň, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerinde maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň ýakyndygyny görkezýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy irki döwürlerden gözbaş alýar. Hytaý Halk Respublikasy 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldan ilkinji döwletleriň biri boldy. Iki dostlukly döwletiň häzirki hyzmatdaşlygy bolsa giň gerimli we köpugurlydyr. Ol esasy ulgamlaryň ählisini — syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Netijeli işlenip taýýarlanylan hökümetara hyzmatdaşlygyň gurallary hereket edýär. Ikitaraplaýyn hukuk binýadynyň toplumy döredildi, parlament we partiýa ugurlary boýunça, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar üstünlikli alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Pekinde geçirilen nobatdaky ýokary derejeli duşuşykda: «Özara hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistan hem-de Hytaý döredijiligiň, hyzmatdaşlygyň ýoly bilen öňe barýarlar we bilelikde uly netijeleri gazanýarlar» diýip bellemek bilen, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna laýyk gelmegi syýasy-diplomatik tagallalary utgaşdyrmagyň wajyp şertini emele getirýär.

Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu babatda ýangyç-energetika ulgamyndaky gatnaşyklara uly orun degişlidir. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz hem-de Si Szinpin «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň bu iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Aziýa yklymynda amala aşyrylan iň iri bilelikdäki energetika taslamasyna öwrüldi. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji boýunça dostlukly döwlete ýylda milliardlarça kub metr türkmen tebigy gazy iberilýär. Bu taslama iki döwletiň ýolbaşçylarynyň energetika babatda ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine syýasy taýdan jogapkärçilikli, oýlanyşykly, ykdysady babatda öňdengörüjilikli çemeleşmeleriniň aýdyň nusgasydyr.

Elbetde, ilat sany boýunça Ýer ýüzünde ikinji orunda durýan Hytaý dünýäniň iň uly sarp ediş bazarlarynyň başyny çekýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýurduň senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar, «ýaşyl» ösüş ýaly ugurlarda-da baý tejribesi bar. Nobatdaky gepleşiklerde çig mala dahylly däl ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek meselesinde esasy ünsüň jemlenmegi Türkmenistany senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýan häzirki şertlerinde iki tarap üçin hem örän bähbitli bolup durýar. Hususan-da, Başlyk Si Szinpin hytaý tarapynyň ylym, bilim we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, ýakyn wagtda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalaryny», Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak bilen bagly taslamalaryň amala aşyrylmagyna, intellektual eýeçilik, atçylyk, oba hojalygy, «ýaşyl» energetika ýaly ulgamlarda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi şol döwürde hem türkmen we hytaý halklarynyň arasynda aýratyn gatnaşyklaryň bolandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şonda hytaý imperatoryna ahalteke bedewiniň sowgat berlendigi baradaky maglumatlar bar. Gahryman Arkadagymyzyň Asman astyndaky ýurda saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hormatly Prezidentimiziň adyndan Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat hökmünde gowşurmagy gadymydan gadyrly gatnaşyklaryň mynasyp dowamata atarylýandygyny alamatlandyran buýsandyryjy waka boldy.

Hawa, at — myrat, at — döwletlilik. Bedew — rowaçlygyň nyşany. Bu günki gün ajaýyp ahalteke bedewi parahatçylygyň, dost-doganlygyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň bedew ruhly ýylyň bahar günlerinde Hytaýa amala aşyran dostluk sapary hem türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrmagyň ýolunda täze gözýetimleri açdy.

«TÜRKMENISTAN»