Gahryman Arkadagyň adyna BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan gelen hat

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. Şeýle hem men Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsilerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýaryn. Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi hem aýratyn üns bermäge mynasypdyr.

Jemgyýetçilik binýadynda durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine Birleşen Milletler Guramasynyň goşýan goşandyna Siziň Alyhezretiňiziň ýokary baha bermegiňiz mende uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistanyň Hökümetini bu maksatnamany giňeltmek mümkinçiligine garamaga çagyrýaryn.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurt boýunça toparyna hemişe berýän goldawyňyz we hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň. Guramanyň wekilhanasyna Aşgabatda goşmaça binanyň berilmegi üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Bu binanyň açylyş dabarasyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň gatnaşmagy meni örän guwandyrdy.

Aşgabada saparymyň dowamynda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugasat ediň. Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretary