«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
«Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekmek dabarasy bolup geçdi

Hormatly Prezidentimiziň degişli buýrugyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Bu Ähtnama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri boýunça wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Alan Haýton dagylar gol çekdiler.

Ähtnama laýyklykda, Birleşmäniň agzalary tarapyndan mundan beýläk ulanmak üçin JCB Önümlerini satyn almak babatda gyzyklanma bildirilýändigi, JCB kompaniýasy tarapyndan bolsa önümleriniň tehniki görkezilişlerini gurnamak babatda Birleşme bilen bilelikde işlemeklik hem-de umumy netijeliligini ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak we öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin elýeterli bolan iň täze tehnologiýalar hakynda maglumaty bermeklik bellenilýär.

Şeýle hem, bu agzalan dabara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Gol çekmek dabarasynyň ahyrynda, gatnaşyjylar tarapyndan birek-birege minnetdarlyk bildirilip, bu gol çekilen Ähtnamanyň iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi