«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynda baş ugur

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barlan işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi.

Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbitlerini goraýan kanunlar kabul edilýär, bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurulmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy hem döredildi. Ýuridik şahs hökmünde döredilen bu gazna öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri üçin giň mümkinçilikleri açdy. Indi telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmek, işjeň işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda we modalar öýleri açyldy.

Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Kanunda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararynda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde hususylaşdyrmakda ulanylan peýdaly hem netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şonuň bilen bir hatarda, ykdysady ösüşleri bökdäp bilýän islendik ýagdaýlardan daşda durmak zerurlygy binýatlaýyn ýörelge hökmünde bellenildi. Kabul edilen maksatnamanyň çäklerinde hereket edýän hususylaşdyrmagyň usulyýeti kämilleşdirilip, bazar gatnaşyklarynda gymmatly kagyzlaryň bazaryny, bilelikdäki paýly kärhanalaryň ornuny ýokarlandyrmak üçin maýa goýum taslamasyny-da bäsleşikli söwda ugurlaryna üýtgeşmeler girizip alyp barmak ýörelgeleri dowam edýär. Şeýle toplumlaýyn işleriň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatynda, gurluşykda, söwda we ilata tagam taýýarlamakda ýüzlerçe kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Netijede, onlarça maldarçylyk we guşçulyk fermalary, senagat we azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, naharhanalar, ýüzlerçe dükanlar we gaýry emläkler hususylaşdyryldy.

Ykdysady işleriň görnüşleri boýunça emläkleri hususylaşdyrmakdan býujete gelip gowşan serişdeleriň düzümi şeýle: girdejileriň 29 göterimi ulag işlerinden we ýükleri saklamakdan, 26,5 göterimi işläp bejerýän önümçiliklerden, 20 göterimi lomaý we bölek söwdadan, 7 göterimi gozgalmaýan emläk bilen bagly amallardan, 5 göterimi oba we tokaý hojalyklarynyň, balyk tutmagyň emläklerini we 5 göterimi gurluşyk pudagynyň emläklerini hususylaşdyrmakdan, galan 7,5 göterimi beýleki iş görnüşleriniň emläklerini ýerlemekden gazanyldy.

Sebitler boýunça emlägi döwletiň garamagyndan aýyrmakdan we hususylaşdyrmakdan býujete gelen serişdeler barada gazanylan netijeler şu ýagdaýda emele geldi: 32 göterimi Aşgabat şäheriniň, 8 göterimi Ahal welaýatynyň, 11 göterimi Balkan welaýatynyň, 10 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 22 göterimi Lebap welaýatynyň we 17 göterimi Mary welaýatynyň paýyna düşdi. Bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat we etrap merkezlerinde, oba ýerlerinde öňdebaryjy tehniki-tehnologik nusgalara laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap zawod-fabrikler, önümçilik sehleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, durmuş-medeni desgalar, söwda we dürli ugurly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň ýüzlerçesi peýda boldy. Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan önümler özüniň ýokary hili bilen diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.

Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, il agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmak bolup durýar.

Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22748