Hünär synagyny geçirmegiň şertleri we talaplary
Auditorçylyk işini amala aşyrmaga we auditorlyk hyzmatlary etmäge hukuk almak üçin hünär synagyndan geçmäge Türkmenistanda auditorçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen, kämillik ukyply şahsy taraplara (mundan beýläk – dalaşgär) rugsat berilýär.
Auditoryň hünär şahadatnamasyny almaga dalaş edýän şahsy tarapda şu aşakdakylar bolmaly:
ykdysadyýet ýa-da hukuk hünäri boýunça ýokary bilimi;
hasapçy, ykdysatçy, derňewçi, hukukçy, kärhananyň ýolbaşçysy, ykdysadyýet ýa-da hukuk ugry boýunça ylmy işgär ýa-da mugallym hökmünde azyndan 5 ýyl iş döwri.
Hünär synagyndan geçmek üçin şahsy tarap Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine şulary berýär:
1) 1-nji goşunda laýyk görnüşde arza;
2) pasportyň nusgasy (asyl nusgasyny görkezmek bilen);
3) ykdysadyýet ýa-da hukuk hünäri boýunça ýokary bilim hakynda diplomyň kepillendiriş edarasynda tassyklanan nusgasy, daşary ýurt bilim edarasynda bilim alan bolsa – daşary ýurduň bilim hakyndaky resminamasynyň laýyklygynyň (nostrifikasiýa) ykrar edilendigi barada şahadatnama, Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenen ykrar etme muňa girmeýär;
4) zähmet depderçesinden göçürme (nusgasy);
5) 2-nji goşunda laýyklykdaky görnüşiň 1-11 bölümleri doldurylan hünär synag listi;
6) iki sany surat (4x6).
Berlen resminamalaryň dogrulygy üçin dalaşgär jogapkärçilik çekýär.
Ýokarda sanalyp geçilen ähli resminamalaryň berilmedik halatynda we (ýa-da) olarda ýalňyş bar bolsa we maglumatlar doly görkezilmedik bolsa, dalaşgär tarapyndan berlen arza seredilmek üçin kabul edilmeýär we bellige alynmaýar.
Auditorçylyk işiniň hünär synagyna girýän dersleriň sanawy:
buhgalter hasaba alnyşy;
hojalyk işiniň seljermesi;
auditiň milli standartlary;
Türkmenistanyň umumy we salgyt kanunçylygy.
Hünär şahadatnamasyny bermek (uzaltmak) barada arzanyň nusgasy.pdf
Hünär şahadatnamasyny bermek (uzaltmak) baradaky arza goşulýar maglumat nusgasy.pdf