Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri: döwrebap şertler, öňdebaryjy usullar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlyk eýýamynyň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan täze taryhy döwründe milli ykdysadyýetimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini giňeltmek babatda berýän tabşyryklary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolan Türkmenistan okgunly ösýän, özüniň ýokary hilli, islegli önümlerini daşarky bazarlara yzygiderli eksport edýän, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýäniň söwda ulgamynda hem ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň beren ajaýyp miweleriniň biridir.

Maglumatlara salgylanyp aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 80-den gowrak döwleti bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksportyň tutýan paýy 60, importyňky bolsa 40 göterime barabar boldy. Eksportyň möçberi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy. Diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus, Türkiýe, Gyrgyz Respublikalarynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda hereket edýär. Türkmenistanda öndürilýän önümler olaryň üsti bilen daşary ýurtlarda ýerlenilýär. Ýurdumyzyň harytlary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda her gün geçirilýän söwdalarda ýerlenilýär. Eksporta niýetlenen önümlerimizi mahabatlandyrmak, täze hyzmatdaşlary tapyp, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara sergiler guralýar, wirtual sergiler hereket edýär, işewürler maslahatlary, ykdysady forumlar yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler öz oňyn netijesini hem berýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri heniz doly ulanylmaýar we bu ugurda has netijeli işleri, anyk çäreleri durmuşa geçirmek zerur bolup durýar.

Biz ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri, onuň dürli jähetleri, amala aşyrylýan işler, gazanylýan ösüşler babatda gyzyklanyp, bu ugra dahylly döwlet düzümleriniň wekilleri bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeş bolduk.

— Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmakda döwletimiziň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýeti bar. Bu strategiýanyň maksady we wezipeleri barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz!

Maksat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy:

— Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda milli Liderimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň birnäçe ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutuldy. Maksatnamada Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi hem anyk kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistan bu guramada synçy derejesine eýe boldy. Bu üstünlik halkara söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, hususan-da, ýurdumyzyň dünýä söwda-ykdysady giňişligine has-da integrirlenmegine täze mümkinçilikleri açdy.

Milli Liderimiziň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň» taslamasy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi hem-de ol hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran degişli Karary bilen kabul edildi. Strategiýa işlenip taýýarlanylanda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ileri sürýän başlangyçlaryndan ugur alyndy. Onda 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary söwda syýasatynyň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda söwda toplumynyň, ykdysady toplumyň bellikleridir teklipleri alyndy. Bulardan başga-da, strategiýada degişli halkara guramalaryň (şol sanda WTO — Bütindünýä söwda guramasynyň, ITC — Halkara söwda merkeziniň, ADB — Aziýa ösüş bankynyň) teklipleri göz öňünde tutuldy. Hususan-da, Bütindünýä söwda guramasy hem-de Halkara söwda merkezi tarapyndan strategiýa oňyn syn berildi we taslamanyň mazmuny hil taýdan ýokary bahalandyryldy. Strategiýanyň taslamasy hünärmenler derejesinde hem birnäçe sapar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlislerinde hem onuň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek; ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek; ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny döretmek; Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza döwlet hökmünde girmegini gazanmak; ýurduň ykdysadyýetiniň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek strategiýanyň esasy maksatlarydyr.

Milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek; kiçi we orta telekeçiligi goldamak, olaryň ösmegi hem-de öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek; söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesine, şol sanda BSG-niň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek; eksport önümleriniň pudaklar we ýurtlar boýunça diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek bolsa strategiýany amala aşyrmagyň esasy wezipeleridir. Strategiýa iki tapgyrda (1-nji tapgyr — 2021 — 2025-nji ýyllar; 2-nji tapgyr — 2026 — 2030-njy ýyllar) amala aşyrylar.

Türkmenistan söwda ulgamyny özgertmek arkaly, ýurduň daşary söwdasynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam berýän, eksport ugurly söwda strategiýasyny amala aşyrmagy maksat edinýär. Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýetilen sepgitler Türkmenistan üçin çalt depginlerde ösýän ykdysadyýetli hem-de ählumumy söwda ulgamynda işjeň hereket etmäge ukyply bolan ýurt hökmünde täze we has uly mümkinçilikleri açar.

— Türkmenistanda eksport-import amallary boýunça «Bir penjire» ulgamynyň ähmiýeti hem-de onuň ornaşdyrylyşy barada aýdaýsaňyz!

Gandym JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň enjamlaýyn üpjünçilik bölüminiň müdiri:

— «Bir penjire» ulgamynyň anyk maksady ýurdumyzda eksport, import we üstaşyr amallary üçin bir penjire ulgamyny döretmek arkaly daşary söwda işine ýardam bermekden ybaratdyr. Daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň (DYIG) administratiw işleriniň möçberlerini azaltmak, ýagny tarif däl çärelerini düzgünleşdirmek üçin talap edilýän wagtyň we çykdajylaryň peselmegini gazanmak; döwlet edaralarynyň işini ýönekeý we açyk etmek bilen, daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň, ýörite bilimini talap etmezden, telekeçilik işini alyp barmagyny üpjün etmek; kanunçylyk bozulmalaryny azaltmak «Bir penjire» ulgamynyň wezipeleri bolup durýar.

«Bir penjire» ulgamy daşary ykdysady işde ýüze çykýan meseleleri bir ýerden çözmegiň usullaryny özünde jemleýär. Adamlaryň däl-de, maglumatlaryň hereket etmegi; döwlet hyzmatlaryny almak üçin ýörite taýýarlygyň talap edilmezligi; döwlet edaralarynyň öz döreden resminamalarynyň we maglumatlarynyň talap edilmezligi ulgamyň esasy ýörelgeleridir.

Içerki we pudagara rugsat resminamalaryny almagyň amallarynyň çylşyrymlylygyny daşary ykdysady işe gatnaşyjylardan gizlemek; daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň pudak edaralarynyň işgärleri bilen gatnaşygyny aradan aýyrmak; daşary ykdysady işi alyp barmagyň bahasyny we zähmet çykdajylaryny azaltmak; döwlet edaralarynyň işini aýdyňlaşdyrmak we korrupsiýanyň ösmegini peseltmek; şol bir maglumatlary birnäçe gezek dürli döwlet edaralaryna gaýtalap bermek wezipesini aradan aýyrmak «Bir penjire» ulgamynyň mümkinçilikleridir.

Aslynda, ygtyýarnama we beýleki rugsat beriji resminamalary almak üçin dürli edaralara ýüz tutulýan bolsa, «Bir penjire» ulgamynda munuň üçin arzalar bir geçiriji ulgamyň üsti bilen, ygtyýarnama we beýleki rugsatlary berýän ähli edaralara iberilýär. Ulgam ornaşdyrylanda, ygtyýarnama we beýleki rugsatlary almak üçin, onlaýn usulda we elektron görnüşde arzalary «Bir penjiräniň» hem-de beýleki ulgamlaryň üsti bilen bermek, şeýle resminamalary almagyň düzgünleri bilen tanyşmak mümkinçilikleri bolar. Ygtyýarly edaralaryň elektron görnüşde berýän şeýle resminamalary boýunça, olar birnäçe toparlara bölüner. Ilkinji gezek ähli ygtyýarnama we beýleki rugsat beriji edaralaryň resminamalary doly awtomatlaşdyrylar.

Gümrük deklarasiýasynyň berilmegi we gümrük amallarynyň amala aşyrylmagy «ASYCUDA World» ulgamy bilen «Bir penjire» ulgamynyň utgaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylmaly. «Bir penjire» ulgamynda gümrük amallaryny amala aşyrmaga, şol sanda gümrük deklarasiýasyny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän «ASYCUDA» ulgamy bilen göni aragatnaşyk göz öňünde tutulan. Ulgamda ygtyýarnama we beýleki rugsat beriji resminamalar baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalary «Bir penjire» portalynyň açyk böleginde elýeter ýerleşdiriler. Syýasy goldaw, hünärmen üpjünçiligi, döwrebap enjamlar we tehnologiýalar, maliýeleşdirmek, döwletiň we işewürlik toparlarynyň özara hyzmatdaşlygy, taslamanyň wezipesidir çäklerini takyk bellemek, ulanmagyň elýeterliligidir oňaýlylygy, amatly kanunçylyk gurşawy, halkara standartlar we teklipleri gollanmak, bolup biljek päsgelçilikleri anyklamak, ulgam barada maglumaty giňden mahabatlandyrmak «Bir penjire» ulgamynyň döredilmeginiň we hereket etmeginiň şowly bolmagynyň esasy şertleridir.

«Bir penjire» ulgamy ýurdumyzyň çäklerinde doly ornaşdyrylar. Ulgama birikdirmegiň yzygiderliligini edaralaryň eksport, import we üstaşyr amallaryna gatnaşygynyň möçberine görä (soragnama boýunça seljerme esasynda) kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Ulgamyň ornaşdyrylmagy daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň ygtyýarlandyryş we beýleki rugsat beriş resminamalaryny ýygnamak üçin dürli edaralara gatnamak zerurlygynyň aradan aýrylmagyna şert döreder. Hyzmatlary elektron görnüşde bir ulgamdan (portaldan) almak üçin, şahsy iş otagyny döretmek ýeterlik bolar. Gümrük amallarynyň geçirilmegi çaltlandyrylar, wagt we zähmet çykdajylary tygşytlanar, kagyz ýüzünde tassyklaýjy resminamalary bermek zerurlygy, hyzmat berijiler bilen aragatnaşyk aradan aýrylar.

«Bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy halkara Kioto konwensiýasynyň, BSG-niň Söwda amallaryna ýardam bermek baradaky Ylalaşygynyň, ÝB-niň Ykdysady komissiýasynyň we birnäçe beýleki halkara şertnamalaryň talaplaryna we tekliplerine laýyk gelýär. Bu ulgam halkara söwda ýardam berýän şertleri döreder, onuň depgininiň ösmegine ýardam berer hem-de halkara jemgyýetçiligiň öňünde Türkmenistanyň işewürlik we maliýe goýum reýtinglerini mundan hem ýokary derejelere göterer.

— Türkmen önüm öndürijileriniň eksport ýüklerini daşamak boýunça amatly ugurlar, bu babatda «Bir Kuwwat» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz!

Azat ATAÝEW,
«Bir Kuwwat» hususy kärhanasynyň direktory:

— Durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň ägirt uly tagallalary edýändigini turuwbaşdan bellemek gerek. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan şu babatda kabul edilen birnäçe Kararnamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamy taryhy özboluşlylyklara eýedir. Uzak taryhda ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we döwletlerini birleşdiren söwda ýollary, şol sanda siwilizasiýalaryň kemala gelmeginde, Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklarynda ähmiýetli orun alan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, möhüm halkara ugurlaryň merkezinde ýerleşen Türkmenistan bu taryhy ýoluň ýüregidir.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoly zamanabap röwüşde gaýtadan dikeldilýär. «Bir Kuwwat» hususy kärhanasy hem bu ugurda işjeň hereket edip, halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde ulagyň dürli görnüşleri dünýäniň islendik nokadyna ýüki eltip bermek boýunça hemme amallary diýen ýaly çözmäge mümkinçilik berýär. Şeýle daşamalary guramak üçin, «Bir Kuwwat» kompaniýasy halkara kadalara laýyklykda, az ýitgiler bilen ulag logistikasy boýunça öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Kompaniýamyzyň wezipelerine ýükleri iň az ýitgi bilen eltip bermek, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen ýüküň ugruny yzarlamak we buýruja ýük hakynda maglumat bermek degişlidir. Kompaniýamyz awtoulag, demir, howa ýa-da deňiz ýollary boýunça, ulaglaryň islendik görnüşi bilen görkezilen ýere ýükleri daşamagyň guramaçylygy babatda jogap berýär.

«Bir Kuwwat» 2020-nji ýylyň mart aýynda döredilip, esaslandyrylanyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, daşary ýurtlara we Türkmenistanyň çäginde ýükleriň daşalyşyny guramak boýunça giň gerimli hyzmatlary ýerine ýetirýär. Kompaniýa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda we Türkmenistanyň çäginde ýükleri daşamakda öz tejribesini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň öz çäginde «Bir Kuwwat» kompaniýasy 200-e golaý wagonlary ulanyp, demir ýollar boýunça ýükleri daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Kompaniýa awtoulaglar ýa-da demir ýol ulaglary bilen, ýüki porta eltmek we portdan alyp gaýtmak, portlardaky konteýnerleri gaýtadan ibermek, şeýle hem gämileri frahtlama, üçünji şahsyň guramasynyň öňünde müşderä hukuk taýdan ýardam etmek we onuň bähbitlerine wekilçilik etmek ýaly, portdaky toplumlaýyn ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar. Ýekeleýin, gapgarylýan, gabarasyz görnüşdäki, şeýle hem daşamak üçin aýratyn şertleri talap edýän ýükleri daşaýar. Müşderiler kompaniýanyň www.birkuwwat.com resmi saýtyndan onuň alyp barýan işleri, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp bilýärler.

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hemişelik we ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, deňiz daşamalary çygryndaky hyzmatlary işjeň ýerine ýetirýär. Daşamalaryň şeýle görnüşi ýükleri uzak aralyklardan beýleki yklymlara, köplenç halatlarda, multimodal daşamalaryň düzüminde eltip bermek üçin ulanylýar. Kompaniýa polipropilen, nebit koksy, kükürt, şeýle hem sulfat we azot dökünleri, nah ýüplük we pagta linti ýaly ýerli nebit, gazhimiýa toplumynyň önümlerini daşaýar.

«Bir Kuwwat» Türkmenbaşy portundan Aktau portuna (Gazagystan Respublikasy) çenli we ondan soňra demir ýol ulagy arkaly Horgos (HHR) çäk menziliniň üsti bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň iri port menzillerine çenli ulag geçelgesiniň gurnalmagynyň başyny başlaýjy bolup durýar. Bu geçelge boýunça ýükleri päsgelçiliksiz eltip bermegiň wagty ýüküň iberilen senesinden başlap, 15 — 20 gije-gündizden ybaratdyr. 2020-nji ýylyň awgust aýynda «Bir Kuwwat» bu ugur boýunça Gyýanly zawodynyň önümi bolan polietileniň ilkinji daşamasyny amala aşyrdy.

Hytaýdan Türkmenistana tarap gaýdyşyn ugurda halkyň ulanýan harytlarynyň konteýnerler bilen daşalmasy amala aşyrylýar. Şu ýylyň mart aýynda täze infrastrukturalaryň gurluşygy üçin Şanhaýdan (HHR) Türkmenistana lift we eskalatorlaryň jemi 50 sany konteýneriniň multimodal daşalmasy amala aşyryldy. Şu günki günde «Bir Kuwwat» kompaniýasynyň hünärmenleri Hytaýyň, Gazagystanyň üsti bilen, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan hem-de Wýetnamdan Aktau we Türkmenbaşy portlaryna çenli ulag geçelgesini durmuşa geçirýär. Bu ýol Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň eksport ýükleriniň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine iberilmegine ýardam eder.

— Eksporta niýetlenen önümleriň artdyrylmagynda hususy ulgamyň hem uly orny bar. Importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hususy telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermek babatda nähili çäreler amal edilýär?

Gylyçmyrat ÇARYÝEW,
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Karz amallary müdirliginiň başlygynyň orunbasary:

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanda innowasion taslamalaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy babatynda toplumlaýyn çäreler tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Bu ugurda saldamly öňegidişlikler ýurdumyzda oňaýly ykdysady şertleri döredýär, telekeçilik işini üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti has ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriň hataryna goşuldy. Netijede, onuň sebitde we umuman, dünýäde ykdysady özgerişlere edýän täsiri ähmiýetli orna eýe bolýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz böleginiň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn goldaw bermeginiň netijesinde, ýurdumyzda telekeçiligiň mundan beýläk hem ösmegi we döwrebap kämilleşmegi üçin ugurlar kesgitlenip, oňaýly şertler döredildi. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň döredilmegi hem bu ugurdaky şeýle uly tagallalaryň ajaýyp miweleriniň biridir.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan döredilen ilkinji bank bolup durýandygydyr. Bankyň baş maksady ýurdumyzyň maliýe bazaryny we bank ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek, ýerli haryt öndürijileridir telekeçileri goldamak, şeýle hem bankyň aktiwleriniň ösüşini gazanmak we onuň paýdarlarynyň maýasyny artdyrmak bolup durýar.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň öňünde Türkmenistanyň döwlete dahylsyz ykdysady ulgamyny höweslendirmek boýunça, hususy telekeçileriň işewür başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermek, kiçi we orta telekeçilige ýokary tehnologik derejedäki bank hyzmatlaryny hödürlemek arkaly, olary hemmetaraplaýyn goldamak babatda jogapkärli wezipeler durýar. Bank diňe bir maliýe instituty hökmünde hyzmat etmän, eýsem, ol bankyň maliýe we ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga we ýerli işjeňligi ösdürmäge gönükdirilen döwrebap maliýe meseleleriniň çözülmeginde, netijeli maýa goýumlarynyň çekilmeginde hem aýratyn bir gural bolup çykyş edýär. Bu ýerde täze maliýe gatnaşyklary döreýär, dowam edip gelýän gatnaşyklar bolsa has-da berkeýär. Şu maksatlar bilen döwlet kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini maliýeleşdirmek üçin uly möçberlerde ýeňillikli we örän pes göterimleri göz öňünde tutulan karzlary berýär.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly, paýtagtymyzda bina edilen «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmek we olary gaýtadan işlemek boýunça kärhana, maldarçylyk fermalaryny we süýdi gaýtadan işleýän kärhanalar, guş etini we ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk hojalygy, her ýylda 800 müň inedördül metr möçberde haly önümlerini taýýarlamaga niýetlenen haly fabrigi ýaly onlarça iri taslamalaryň gurluşyklary maliýeleşdirildi.

Bankyň aktiw amallary ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport etmäge, importyň ornuny tutmaga ukyply önümleri we harytlary, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürmäge, gurluşyk we senagat pudaklaryny ösdürmäge niýetlenen taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilendir. Bank hyzmatlary bazarynda halkara tejribelerden ugur almak bilen, «Rysgal» PTB-niň öz müşderileri üçin ýokary tehnologiýaly önümleri ornaşdyrmagy tapgyrlaýyn ýola goýmak babatda degişli işler amala aşyrylýar. Şunlukda, bank öňdebaryjy hem-de geljekde ösüşe we kämilleşdirilmäge ukyply bolan tehnologiýalara esaslanan innowasion hyzmatlar ulgamyny döretmegi maksat edinýär.

— Hormatly myhmanlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyp, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine goşant goşmakda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmakda alyp barýan işleriňizde size mundan beýläk hem uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40209