Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 28-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.

Hajy Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda maslahatlaryny berdi. Mebelleriň, otag enjamlarynyň maşgala agzalarynyň hemmesi üçin niýetlenendigini nazara alyp, olaryň amatlylygyna, berkligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, ýokary ekologik derejesi, ýaşaýyş jaýlarynyň suw arassalaýjy serişdeler bilen üpjünçiligi, yşyklandyryş ulgamy halkymyzyň durmuşyna mahsus derejede bolmalydyr. Bu bolsa şäher ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdiniň baş şertini emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz ýol ýakalarynda oturdyljak germewleriň kada laýyk bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň sürüjiler üçin howpsuzlyk talaplaryna görä oturdylmalydygyny nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde we ýol ýakalarynda oturdyljak bag nahallaryny synlady, nahallaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, şäheriň ähli künjekleriniň gür baglyga, ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmelidigini aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Munuň özi şäheriň ýol ýakalarynda, meýdançalarynda, binalaryň aralarynda ekilýän baglaryň hemişe gök öwsüp durmagyna, bu künjegiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir eder.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Şunda durmuş, önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýol ýakalaryndaky germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň we beýleki binalaryň hersiniň özüne mahsus bezeg serişdeleri bilen üpjün edilmelidigine üns çekildi. Saýlanyp alnan bezeg serişdeleri ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri edara binalarynyň mejlisler jaýlarynyň, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi we iş orunlarynyň amatlylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Lukmançylyk klasteriniň binalarynyň, täze seýilgähiň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, şol sanda beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.

Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Dabaralaryň guraljak ýerini kesgitlemek, onuň medeni maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alyp barýan işlerinde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi. Munuň özi ynsanyň hem bedewiň birek-birek bilen baglanyşygynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmen bedewleriniň taryhyna, ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklaryna bagyşlanan birnäçe eserleri döreden Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bedewleriň asyl mekany bolan Türkmenistanda bu ugra degişli alnyp barylýan işler, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilen Watanymyzda atçylyk pudagynyň derwaýys meselelerini öz içine alýan maslahatlar, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

...Aty seýislemek we çapmak boýunça baý tejribe toplan Gahryman Arkadagymyz bedewi gorgunyna goýberdi. Bu ajaýyp pursatda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar. Şu günler gözel künjekde ynsan ruhuna ýakymly täsir edýän howa gurşawy emele geldi. Dag etekleriniň salkyn howasy, bu ýerleriň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň sazlaşygy göwün göteriji duýgulary döredýär.

Milli Liderimiz Hanbeg atly bedew bilen gezelenji tamamlap, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk pudagy boýunça birnäçe halkara çäreleriň meýilleşdirilendigini aýdyp, olaryň guramaçylykly geçirilmegine, çärelerde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýynyň öz beýanyny tapmagyna, bu işlere degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegine zerur üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.