Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary

...Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Liderini ABŞ-da görýändigine örän şatdygyny nygtap, özüniň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde oňyn täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Nygtalyşy ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologik ýagdaýyň durnukly saklanmagynda, bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde wajyp şert hökmünde ykrar edilendir.

Milli Liderimiz dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň şeýle merkezleriň gurulmagy bilen bagly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de Jon Riz Milli Liderimizi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyk işini alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Erik Stýuart Gahryman Arkadagymyzy ABŞ-da görýändigine şatdygyny aýdyp, amerikan işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ilerletmekde wajyp ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Nygtalyşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy, hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini aýtdy. Ýurdumyzda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda oňyn tejribe toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Golf klubunyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki golf ýaryşlaryny geçirmegiň özleri üçin hormat boljakdygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. 1992-nji ýylda açylan bu merkez häzirki wagtda gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen, “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly harytlara möhüm orun berildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň arassalygy, ekologik derejesi bilen ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýän önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar hökmünde ykrar edilýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Merkezde türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär. Şeýle-de ol tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi. “Golf sporty häzirki wagtda dünýäde meşhur sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu sporta ýaşlaryň arasynda gyzyklanmalar barha artýar. Ýurdumyzda golf sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz ekologik abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolan golf meýdançalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň saglygynyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, golf sporty boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde golf meýdançalarynyň ähmiýetine üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz golf klubunyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybarat. Onda athanada saklanýan atlar üçin ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk manež, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlary suwa ýakmak üçin ýer döredilipdir.

Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda türkmenistanly we ABŞ-ly atşynaslaryň, atçylyk sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ähmiýetli bolar.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda oba hojalygy boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biridigi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygy aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň iň gowy tejribesi ornaşdyrylýar. Daýhanlara döwrebap tehnikalar satyn alnyp berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Işjeň gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde kompaniýanyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen “John Deere” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işledilýär.

Türkmenistan üçin ýokary bilimli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň müňlerçesi ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyp, gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler barada pikir alyşdy.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Milli Liderimiz amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Jon Riz Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramak babatda mümkinçilikler dörediler. Kaşaň myhmanhanalary, şypahanany, ajaýyp akwoparky özünde jemleýän gözel Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýada ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrar.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, “Nicklaus Companies” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olar ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-synda, ýurtlaryň 50-sinde işjeň hereket edýär. Munuň özi dünýäde golf sportunyň ösdürilmegine goşulan mynasyp goşantdyr. Türkmenistanda bu görnüşiň işjeň ösdürilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýyny has-da belende göterer.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi. Onda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, pederlerimiziň, ussat seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. “Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlar, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da artmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Umuman, Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

(TDH)