Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, türkmen telekeçilerine, hususyýetçilerine aýratyn uly ynam bildirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi tabşyrmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle mümkinçilikleriň netijesini Balkan welaýatyndaky hususy kärhanalaryň gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar.
Mundan 10 ýyla golaý wagt öň Bereket etrabynyň çäginde döredilen «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň häzirki wagtda 400 gektar çemesi ýeri bolup, şonuň 344 gektara barabary dürli ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylýar. Şonça meýdanyň 50 gektaryny önümçilik desgalary eýeleýär. Döredilen ilkinji gününden bäri bu daýhan hojalygynyň bölümlerinde hususy hem-de uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna önümçiligi ösdürmäge, öndürilýän önümleriň bahasyny arzanlatmaga, işçi güýjüni tygşytlap, agyr işleri ýeňilleşdirmäge niýetlenen kämil enjamlaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýylda 75 müň tonna barabar kombinirlenen iým taýýarlaýan ýörite önümhana işleýär.
Bu gün daýhan hojalygy tutuş ýurdumyzda ýedi hazynanyň birine deňelýän guşçulygy ösdürmekde döwlete dahylsyz bölegiň ugurdaş düzümleriniň arasynda öň hatarlarda durýar. Hojalygyň guşçulyk toplumynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kämil önümçilik düzümi emele getirilipdir, ol her ýylda 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de 8 müň tonna guş etini öndürmäge ukyply bölüm, 12 million jüýje çykarmaga niýetlenilen inkubator bar. Aslynda, «Nurly meýdan» daýhan hojalygy inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen, ýurdumyzda şeýle görnüşdäki döwrebap taslamany ilkinji bolup üstünlikli amala aşyran hususy kärhanadyr. Eýýäm şu ýylyň birinji çärýeginde bu ýerdäki inkubatordan alnan sagdyn jüýjeleriň sany 1 million 152 müňe golaýlaýar. Ýetişdirilýän jüýjeleri guşçulyk bilen meşgullanýan hojalyklar höwes bilen satyn alýarlar.
Guşçulyk toplumynda saklanýan towuklary iýmlemek, suw bilen üpjün etmek, ýumurtgalary ýygnap almak, ýataklary arassalamak işleri awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Ýörite gaplara ýerleşdirilýän ýumurtgalar her gün täzeligi bilen sarp edijilere ugradylýar. Ýylyň başyndan hojalygyň guş idedijileriniň ýurdumyzyň ak bazarlaryna we söwda nokatlaryna ugradan ýumurtgasynyň sany 2,7 milliondan hem geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri bu ýerdäki inkubator hojalygyndan çykarylan sagdyn jüýjeleriň umumy sanynyň üçden birinden gowragy bolsa et ugurly broýler jüýjeleridir. 37 — 42 günüň dowamynda degişli agramlaryna ýetirilenden soň, towuk eti görnüşindäki önüm sarp edijilere hödürlenilýär.
«Nurly meýdana» bölünip berlen ýerleriň üç gektarynda gurlan döwrebap ýyladyşhanada dürli görnüşli bägülleri ösdürip ýetişdirmek hem görelde alarlyk derejede ýola goýlupdyr. Gülleri ösdürip ýetişdirmäge girişilmezden öň, bu taslamanyň dünýä tejribesindäki ýagdaýy ilik-düwme öwrenilipdir. Niderlandlardan, Ispaniýadan, Italiýadan, Hytaýdan we Eýrandan gül ýetişdirmek üçin niýetlenilen häzirki zaman enjamlary satyn alnypdyr.
Bu ýerde ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ýetişdirilýän bägülleriň 15 görnüşi bolup, olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly islege eýe. Ylmyň soňky gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, gülleriň her bir görnüşine aýratyn agrotehniki ideg ýola goýulýar. Bu ýerden ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlaryna ugradylýan ter gülleriň ortaça sany her ýylda ýüzlerçe müňe baryp ýetýär. Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde daýhan hojalygynyň «Güljahan» atly ýöriteleşdirilen dükanlarynyň üçüsinde, Mary şäherinde açylan «Nurly meýdanyň gülleri» atly dükanda bu gülleriň hyrydarlary barha artýar. Eziz Diýarymyzyň Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we beýleki iri şäherlerine hem näzikligiň, söýginiň, owadanlygyň kepiline deňelýän güller yzygiderli ugradylyp durulýar. Ol güller raýatlarymyzyň toý-dabaralaryna aýratyn öwüşgin eçilýär.
Bildirilýän ynamdan göwünleri galkynýan daýhan hojalygynyň hünärmenleri yhlasly zähmet çekip, halkymyza hyzmat etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza — Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.