Türkmen wekiliýeti Şweýsariýada dünýäniň iri maliýe düzümleri bilen gepleşikleri geçirdi

2022-nji ýylyň 3-6-njy iýuly aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasy Bad-Ragas şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä Bankynyň wekilçilik toparynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň wekilleriniň (Azerbaýjan Respublikasy, Gyrgyz  Respublikasy, Gazagystan  Respublikasy, Polşa, Serbiýa, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan, Özbegistan Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy) gatnaşmagynda, onuň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly duşuşygy geçirilýär.

Bu çärä Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekilýeti gatnaşýar.

Çäräniň çäklerinde 3-nji iýulda birnäçe, ýagny Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Anna Býerde, Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa, Şweýsariýanyň Maliýe ministri Ueli Mau rer we Şweýsariýanyň Merkezi bankynyň başlygy Tomas Ýork bilen duşuşyklar geçirildi.

Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Anna Býerde bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen durmuşa geçirilýän «Сovid-19-a garşy hereket etmek» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä banky tarapyndan taslamany durmuşa geçirmegiň oňyn ösüşi bellenip geçildi we häzirki wagtda geçirilen birinji tranşyň 70 göteriminiň uly böleginiň özleşdirilendigi bellenildi. Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti bu karz boýunça göterimleriň öz wagtynda tölenmegini hem belläp geçdi. Şeýle hem, hanym B ýerde Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin reagentleri, dermanlary mundan beýläk-de satyn almak boýunça işlerini dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda miwe-gök ekinlerini ösdürmek boýunça taslamanyň ikinji tapgyry boýunça işe başlamagyň zerurdygy bellenildi. Türkmenistandan halkara ulag gatnaw larynyň ýola goýlup başlanmagy bilen Bütindünýä bankynyň hünärmenlerini Türkmenistanda miwe-gök önümleriniň pudagynyň ýagdaýy bilen tanyşdyrmak mümkin boldy, bu bolsa öz gezeginde bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berer.

Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga, şol sanda daşary ykdysady işi we daşary ýurt maýa goýumlary babatynda kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam bermek arkaly taýýardyklary bellenildi.

Şeýle hem, Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistanyň energiýa pudagy, şeýle hem sebitde energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça seljeriş işlerini geçirmegi teklip etdiler. Duşuşykda taraplar dürli kömek ugurlarynda Hyzmatdaşlyk üçin aralyk strategiýany işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky wekilçiliginiň işgärler düzümini güýçlendirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şweýsariýanyň Merkezi bankynyň başlygy Tomas Ýork bilen geçirilen duşuşykda kiberhowpsuzlyk we bank pudagynda maliýe tehnologiýalaryny ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şweýsariýa tarapy şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Sýurih şäherinde geçiriljek bu meselelere bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşmagy we geljek üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny has jikme-jik taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşykda taraplar Merkezi banklaryň arasynda, şol sanda takyk maksatnamalarda, makro seljermelerde, Türkmenistan üçin töleg balansynda we beýleki ugurlarda hünärmenleri taýýarlamakda özara maglumat alyş-çalşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristina Georgiýewa we Halkara pul gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Jihad Azur bilen bolan duşuşygynda häzirki wagtda ykdysady ösüşiň haýallamagyna täsir edýän esasy mesele bolan  hümmetsizlenmegiň ösmegi bellendi. Türkmenistanda bu meselä üns berilmelidir we salgyt, pul-karz syýasaty boýunça degişli çäreler görülmelidir. Duşuşykda ykdysady statistika, sanlylaşdyrma, azyk howpsuzlygy we energiýa pudagyny diwersifikasiýa etmek ýaly ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek meselelerine hem üns berildi. Howanyň üýtgemegi babatynda ulgam emele getiriş çäreleriniň durmuşa geçirilmegi möhüm ugur  diýip bellenildi. Türkmenistan Pariž ylalaşygy babatynda dürli çäreleri durmuşa geçirýär, bu möhüm işi dowam etdirmeli, bu meselede Halkara pul gaznasy dürli ugurlarda, şol sanda Gazagystan Pespublikasyndaky Halkara pul gaznasynyň sebit merkeziniň üsti bilen tehniki kömegi bermäge taýýardyklary bellenildi.

Şweýsariýanyň Maliýe ministri jenap Ueli Maurer bilen geçirilen duşuşykda 2016-njy ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 2014-nji ýylyň döwlet maliýe statistikasyna iň pes harajatlar bilen geçmek we gazna ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmak; FATF (Bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çäresini işläp taýýarlaýan topary) meýdançasynda hyzmatdaşlyk, hünärmenleri taýýarlamakda tehniki kömek bermek we FATF tekliplerini ýerine ýetirmek meseleleriniň üstünde işlemek barada ylalaşdylar. Şeýle hem döwlet maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmagyna ýardam bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meselede SECO (Ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet sekretariaty) bilen ýakyndan işleşmek maslahat berildi. Bu sekretariatyň işgärleri bilen mümkin bolan hyzmatdaşlyk ugurlar boýunça konstruktiw gepleşik ler geçirildi.

Duşuşyklar netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. 

Duşuşyklaryň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi