Döwrebap ösüşlere badalga

Ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmäge gönükdirilen täze senagat pudaklarynyň sany barha artýar. Çünki ýurdumyz täze önümçilikleriň döremegine giň mümkinçilik berýän çig mallaryň dürli görnüşlerine we baý möçberlerine eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryndadygy we tebigatymyzyň bize eçilen ägirt uly gymmatlyklarynyň, şonuň bilen deň derejede özerkli durmuşymyzyň Garaşsyzlyk bilen baglanyşyklydygy örän jaýdar bellenilýär. Milli Liderimiz: «Diňe Garaşsyzlygymyz bize öz mümkinçiliklerimizi öz eşretlerimiz üçin ulanmak, öz baýlyklarymyza eýe bolmak bagtyny berendir» diýip bellemek bilen, milli gymmatlyklarymyzy halkymyzyň abadançylygy üçin ulanmak mümkinçiliginiň uly bagtdygyny, munda bolsa ýurt Garaşsyzlygymyzyň beýik bahasyny nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek ýa-da eksport etmek bilen çäklenmän, häzirki döwürdäki ýagdaýlara laýyklykda, innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary öndürijilikli pudagy döredýär. Ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, iň häzirkizaman gaz we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli bolan iri senagat desgalaryny gurmak boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň energetika strategiýasy üçin ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary, nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmagyň esasynda gaýtadan işlenen taýýar önümleri daşary ýurtlara ibermek ileri tutulýan ugur boldy. Tebigy we ugurdaş gazy gaýtadan işleýän — benzini, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, şeýle hem sintetiki nebiti, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça gurulýan desgalar kuwwatly önümçilikleriň hatarynda orun alýar.

Milli ykdysadyýetiň täze klasteri bolan gazhimiýa dünýä derejesinde örän düýpli we geljegine uly umyt baglanýan ugur bolup durýar. Tebigy gazyň düzümindäki maddalary, ýagny metany, etany we beýlekileri himiki taýdan gaýtadan işlemek, tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologik zynjyryny döretmek ägirt uly netijeleri berýär. Gazy himiki usulda gaýtadan işlemegiň derejesiniň ýokarlanmagy bilen alynýan himiki önümleriň bahasy hem has ýokarlanýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşynda, düzüme degişli täze desgalaryň gurluşygyna, nebite we gaza baý täze gatlaklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berler.

Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça döwrebap gazhimiýa toplumy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Dünýä bazarlarynda granulirlenen polipropilene uly isleg bildirilýär. Ol polimer plýonkasyny, emeli süýümi, list görnüşindäki örän berk termoplastlary we degişlilikde dürli görnüşdäki polimer önümlerini — turbalary, ýüpi, örän berk tanaplary, awtomobiller üçin filtrleri, şeýle hem dürli geýimleri we mebeli, gaplaýjy materiallary hem-de azyk önümleri üçin gaplary öndürmekde ulanylýar. Toplumyň beýleki önümi bolan polietileniň hem eksport mümkinçilikleri örän ýokary. Bu önümiň esasynda dürli turbalaryň we köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlaryň işlenip çykarylmagyny ýola goýmak bolar. Ýurdumyzyň tebigy gazyň has çuňňur we toplumlaýyn görnüşde gaýtadan işlenmegini, eksport boýunça gazy gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanan önümleriň paýynyň artdyrylmagyny ugur edinip, tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, gymmatly polimer önümleriniň has girdejili bazarynda mynasyp orny eýeleýändigi guwandyryjydyr.

Çig malyň senagat taýdan özleşdirilmegi diňe onuň gorlary bilen kesgitlenmän, eýsem köp sanly çylşyrymly tehniki-ykdysady we tehnologik meseleleri çözmek bilen hem baglanyşyklydyr. Bu babatda mineral baýlyklaryň düzüminiň çylşyrymlylygy, alynýan önümiň özboluşly himiki aýratynlyklary, galyberse-de çig malyň ýerleşýän ýerleriniň tebigy şertleri we başga-da köp sanly deliller alymlarydyr hünärmenleriň öňünde täzeden çözülmeli meseleleri goýýar. milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ygtybarly girewidir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze belentliklere galmagyny üpjün edýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde täze ýataklary özleşdirmek, toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça goýan wezipeleri ylymy, bilimi we önümçiligi utgaşdyryp alyp barmak arkaly çözülýär. Täze özgertmeler, täze desgalar ylma, bilime hyjuwly zehinli ýaşlary ruhlandyrýar, olara milli tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmekde döredijilikli işlemäge giň ýol açýar. Milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ygtybarly girewi bolup durýar.

Begenç MÜRZÄÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47501