Çagalaryň nurana geljegi hakynda alada

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň hyzmatdaşlygynyň baş maksadydyr

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanda täze bellenen wekili jenap Mohammad Faýýazi bilen duşuşyp, köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler we geljekde öňde durýan wezipeler barada söhbet etdi. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň bu abraýly ýöriteleşdirilen düzümi bilen däp bolan gatnaşyklary, döwrüň zerurlyklaryna görä, mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak babatda anyk teklipleri beýan etmäge mümkinçilik boldy.

Biz hem Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky täze wekili Mohammad FAÝÝAZI bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

— Jenap Mohammad Faýýazi, Sizi jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Söhbetdeşligimiziň başynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky täze wekili hökmünde okyjylarymyza özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz! Biz Siziň BMG-niň ulgamynda 20 ýyldan gowrak iş tejribäňiziň bardygyny bilýäris...

— Köp sag boluň! Dogrudan-da, men Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik we ösüş maksatnamalaryny dolandyrmak ulgamynda 22 ýyldan bäri zähmet çekip gelýärin. Şonuň 17 ýyly BMG-niň Çagalar gaznasynyň işi bilen baglanyşykly. Guramanyň meýdan we ýurt edaralarynda, ştab-kwartiralarynda tehniki meselelerden başlap (çagalary goramak), syýasat boýunça maslahat beriş we dolandyryş wezipelerinde iş alyp bardym. Aýry-aýry sebitler barada aýdylanda, Eýranda, Sudanda, Owganystanda, Liwanda, guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda işläp, 20-den gowrak ýurtda goldaw beriş missiýalaryna gatnaşdym. Türkmenistanda täze wezipä bellenilmegimden ozal, ÝUNISEF-niň Liwandaky missiýasynda bölüm başlygy bolup işledim. Umuman, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurtlar boýunça maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we olaryň milli derejede durmuşa geçirilişini utgaşdyrmak bu guramanyň çägindäki işimiň esasyny düzýär.

— Täze, 2022-nji ýyla gadam basmagymyz geçen ýylda bitirilen işleriň jemleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. ÝUNISEF-niň 2021-nji ýylda alyp baran işleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň örän giňdigini görkezýär.

— 2021-nji ýyl möhüm wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Biz tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygyny belledik, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen täze bäşýyllyk maksatnamamyzyň amala aşyrylyp başlanmagyna bir ýyl boldy. Geçen ýylda Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Bu bolsa ýurduň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda geçen ýoluna baha bermekde-de amatly mümkinçilikdir.

Bilşiňiz ýaly, BMG-niň Çagalar gaznasy indi köp ýyllardan bäri iýmitlenme ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek, saglygy goraýyş, bilim we çagalary goramak babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biziň işimiz bilelikde işlenip taýýarlanylan we ylalaşylan hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Resminamada geljek bäş ýylda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenip, olar milli bähbitlere, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna hem-de Durnukly ösüş maksatlary ýaly halkara resminamalara gabat gelýär.

Elbetde, häzirki adatdan daşary şertlerde dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan howplarynyň çözgüdini tapmaga goşant goşmak ÝUNISEF-niň işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki dowam edýän ykdysady çökgünlik çagalaryň durmuşyna, saglyk ýagdaýyna, abadançylygyna we bilimine göni hem-de gytaklaýyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, ÝUNISEF ähli hyzmatdaşlary bilen bilelikde çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň goraglylygyny üpjün etmekde alyp barýan işini geljekde-de dowam etdirer.

— Jenap Mohammad Faýýazi, pandemiýa sebäpli dörän kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF immunizasiýalaşdyrma işiniň bökdelmezligi hem-de waksinalar bilen üpjünçilik ulgamynda ähli zerur tagallalary etdi. Bu işde Siziň wekilçilik edýän guramaňyzyň orny nähili?

— Sanjymlaşdyrma jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol çagalaryň sagdynlygynyň üpjün edilmegi üçin has zerurdyr. Elbetde, pandemiýa şertlerinde saglygy goraýyş ulgamy köp kynçylyklara sezewar boldy. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus howpuny azaltmagyň ileri tutulýan ugur bolandygyna garamazdan, çagalary beýleki ýokançlardan goramak we olaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilnamalaýyn immunizasiýa işini dowam etmek hem örän wajypdyr.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana çagalar üçin zerur bolan waksinalar getirildi. Ol milli sanjym senenamasyna girizilen dürli keselleriň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ikinji tapgyrydyr. Sanjymlaşdyrma bilen bagly waksinalardyr serişdeleriň satyn alynmagy dolulygyna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, meýilnamalaýyn sanjymlaşdyrma ýurtda ýaşaýan çagalaryň ählisi üçin muzdsuz amala aşyrylýar. ÝUNISEF, öz gezeginde, BSGG-niň deslapky barlaglaryndan geçen, ýokary hilli we elýeterli waksinalaryň satyn alynmagyny hem-de ýurda getirilmegini üpjün edýär.

— Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniňdir pudak edaralarynyň hem-de BMG-niň degişli agentlikleriniň arasynda 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna gol çekildi. Şolaryň hatarynda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk boýunça tassyklanan meýilnamalaryň mazmuny barada gysgaça gürrüň beräýseňiz!

— Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleri we döwlet edaralary bilen iş meýilnamalarynyň 13-sine gol çekdi. Olarda göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi ÝUNISEF-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna esaslanýar. Bilelikdäki iş meýilnamalaryna gol çekilen edaralaryň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Milli Geňeşiň Mejlisi, Adalatçynyň diwany ýaly, biziň öňden gelýän hyzmatdaşlarymyz hem bar. Olar bilen alnyp barylýan işler, esasan, çagalaryň saglygyny we hukuklaryny goramaga, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hukuk goraýyş ulgamynda-da täze hyzmatdaşlarymyzyň bardygyna biz örän şatdyrys.

ÝUNISEF-niň degişli maksatnamasynyň pudagara häsiýete eýedigi bilen baglylykda, biz çagalar baradaky maglumatlar ulgamynda işimizi dowam etmek üçin Statistika baradaky döwlet komiteti bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris. Çagalaryň saglygy bilen bagly iň esasy pikirlerimizi ilatyň giň gatlagyna ýetirmek maksady bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Zenanlar birleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýäris. Ýetginjekler we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde biz Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen hem bilelikde iş alyp barýarys.

— BMG-niň Çagalar gaznasynyň täze bellenen wekili hökmünde Siz golaýda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdyňyz. Gepleşikleriň netijesine nähili baha berýärsiňiz?

— Biziň duşuşygymyz örän ýakymly we netijeli boldy. Men hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet syýasatynda çagalar bilen bagly meselelere uly ähmiýet berýändigi üçin hoşallyk bildirdim. ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň 13-si bilen hyzmatdaşlygynda-da, gol çekilen iş meýilnamalarynda-da türkmen Lideriniň çagalaryň hukuklaryny goramak we abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalara ygrarlylygy aýdyň görünýär.

Ýurduň hormatly Prezidentiniň çagalaryň saglygyny goramaga hem-de olara bilim bermäge gönükdirilen maýa goýumlar babatdaky syýasaty halkyň geljegine goýlan paýhasly we strategik taýdan ähmiýetli maýa goýumdyr. Şeýle-de men milli derejede syýasaty işläp düzmegiň we býujeti taýýarlamagyň esasyny düzýän çagalaryň abadançylygy boýunça görkezijiler bilen bagly barlaglaryň we maglumatlaryň ösüşine aýratyn hoşallyk bildirdim. Biz Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlary boýunça anyk hem-de ýokary hilli hasabatlylygy üpjün etmek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine uly ynam bildirýäris.

— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylarymyza geljekki meýilnamalaryňyz barada-da gürrüň berseňiz!

— Ýokarda-da belleýşim ýaly, ÝUNISEF-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda hyzmatdaşlarymyzyň ählisi bilen gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenen. Şoňa görä-de, biziň guramamyz bu resminamany durmuşa geçirmek babatda anyk ädimleri ädýär. Döwlet edaralarynyň, diplomatik missiýalaryň, raýat jemgyýetiniň hem-de adaty adamlaryň goldawy biziň işimize höwesimizi has-da artdyrýar. Biz täze gol çekilen iş meýilnamalarynda hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasynda öz üstümize alan borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

— Jenap Mohammad Faýýazi, bilelikdäki hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler hakyndaky giňişleýin söhbetdeşlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Çagalaryň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan işiňizde hemişe üstünlik hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».