Beýik ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasy

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ulag diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Maksatnama ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmäge, ulag babatda halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmäge, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna, ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegine oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň binýadyny berkitmek, awtoulag, deňiz, şeýle-de demir ýollar arkaly Aziýa we Ýewropa yklymlaryny birleşdirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, logistik hyzmatlaryň milli ykdysadyýete edýän oňyn täsirini ýokarlandyrmak ýaly maksatlardan ugur alýar. Bu bolsa milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir.

Soňky ýyllarda gürrüňi edilýän ulgamda amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň ulag-logistik merkez hökmündäki ornuny has-da berkidip, ony halkara ykdysady we söwda dolanyşygynyň, ýükleriň gatnadylmagynyň amatly hem ygtybarly çatrygyna öwürdi. Türkmenistanyň şeýle ugurdaky halkara başlangyçlarydyr iri tutumlary, şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşiň milli strategiýasynyň ählumumy bähbitler bilen utgaşýandygyny-da görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap, utgaşykly, deňagramly hem-de ýokary tehnologiýaly ýol-ulag düzüminiň döredilmeginiň zerurlygyny, onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň biridigini öňe sürýär. Şonuň bilen birlikde, bu düzüm halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, çekilýän maýa goýumlaryň işjeňligini artdyrmaga, halkaradyr milli derejede durmuş-ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasyna degişli Kararnamalaryň taslamalarynyň dördüsiniň hödürlenendigi we olaryň biragyzdan kabul edilendigi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Şunda dünýäniň onlarça döwletiniň bu Kararnamalaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda sebitiň döwletleriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygynda, noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambul sammitinde, şeýle-de noýabr aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen 15-nji sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan we ylalaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ýagdaýlar we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň başlangyjy hem-de tagallalary netijesinde ulag ulgamynda amala aşyrylan hem aşyrylýan halkara, şeýle-de milli derejedäki taslamalaryň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin neneňsi derwaýysdygyny ýüze çykarýar. Sebäbi häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady ösüşi köp babatda ýol-ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagly bolup durýar. Türkmenistan ony ähli döwletleriňdir halklaryň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň bu babatda Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygy, BMG-niň giň goldawyna eýedigi we ikitaraplaýyndyr köptaraplaýyn bähbitlerden ugur alýandygy onuň amala aşyrýan yzygiderli hem-de işjeň syýasatynyň netijeliligini-de artdyrýar. Bu gün dünýäde ulag ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşikleriň oýlanyşykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolýandygyny-da şunuň bilen düşündirmek bolar. Şeýle gepleşiklere täze gatnaşyjylaryň — döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe institutlarynyňdyr guramalaryň goşulyşýandygy bolsa munuň ýene bir subutnamasydyr.

Merkezi Aziýada, şeýle-de Hazar sebitinde üstaşyr ulag we logistik ulgamyň döredilmegi bu ugurdaky ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Agzalýan çäklerde amala aşyrylan degişli taslamalar Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta hem Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly yklymara ulag gatnawlarynyň köpşahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini emele getirýär. Munda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrmakda, şol bir wagtda-da sebit we ählumumy möçberde tagallalary birleşdirmekde amala aşyrylan işleriň ähmiýeti ýokarydyr.

Mahlasy, Türkmenistan ykdysady ösüşde, halkara hyzmatdaşlykda we ösüş arkaly parahatçylygy berkitmekde nusgalyk işleri amala aşyrýar. Şeýle işleriň halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň özi bolsa buýsandyryjydyr.

Mekan GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazyýet kätibi.