Türkmenistanda eksporty ösdürmegiň mümkinçilikleri

Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlary hökümet derejesinde millileşdirildi hem-de döwlet syýasatynda ep-esli derejede uýgunlaşdyryldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özüne esasy ugurlaryň biri hökmünde Durnukly ösüş meseleleriniň yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär.

Eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de import garaşlylygyny peseltmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak hem-de içerki bazarlary ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde daşary ykdysady işiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ähmiýeti has-da artýar. Bu kadalaşdyryşyň derejesi bolsa döwletde amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasat tarapyndan kesgitlenilýär. Daşary ykdysady syýasat diýlip, beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine düşünilýär. Döwletiň daşary ykdysady syýasaty milli ykdysadyýetiň strategiki maksatlaryny çözmäge gönükdirilen döwletiň düzgünleşdiriş işi bilen ýakyndan arabaglanyşyklydyr.

Döwletiň daşary ykdysady syýasatynda eksporta goldaw bermek babatynda amala aşyrylýan çäreler möhüm orny eýeleýär, çünki olaryň esasy maksady ýurtda ykdysady ösüşi gazanmaklyga gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan ykdysadyýete goldaw bermek konsepsiýasy ir döwürlerden bäri hereket edip gelýändigi bellidir. Şunuň bilen baglylykda, eksporta goldaw bermek babatyndaky çäreler ykdysady ösüşiň serişdesi hökmünde hyzmat etmelidir.

Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşky bazarlara çykmagy üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw eksport ediji-kärhanalar tarapyndan özleriniň töwekgelçiliklerini we harajatlaryny azaltmak üçin peýdalanylýar. Bu bolsa öz gezeginde milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Milli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin döwlet tarapyndan köpsanly gurallar we çäreler ulanylýar. Dünýä döwletleriniň aglaba köpüsinde eksporta goldaw bermek boýunça ýöriteleşen institutlar hereket edýär.

Käbir alymlar tarapyndan ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerde eksporta goldaw bermek bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky baglanyşyklar ýüze çykarylýar. Şol bir wagtyň özünde alymlaryň beýleki topary bu işlerde usulyýet ýetmezçiliginiň bardygyny nygtap geçýärler. Şeýle hem bolsa, eksport işinde döwlet goldawyndan peýdalanýan kärhanalar daşky bazarlarda bäsleşik göreşinde üstünlik gazanmakda uly artykmaçlyklara eýedirler. Başga bir tarapdan, eksport işi adatça milli we halkara söwda-ykdysady faktorlarynyň täsiri astynda bolýar. Bu faktorlar bolsa toplumlaýyn öwrenilmäge degişlidir. Milli kärhanalaryň eksport işine a) tarif we tarif däl; b) döwletiň pul-maliýe düzgünleşdirmesi we milli eksport edijileri maliýe taýdan goldamak çäreleri; ç) erkin söwda barada ylalaşyklary baglaşmak we erkin söwda zolaklaryny ösdürmek; d) milli maýadarlary goldamak we başga çäreleri amala aşyrmak arkaly täsir edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň karary bilen 2015-nji ýylda “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Bu maksatnamada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanda eksport işine tarif düzgünleşdirmesiniň üsti bilen goldaw bermek boýunça hem işler yzygider tertipde alnyp barylýar. Olara mysal hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň mart aýynda çykaran “Türkmenistanda öndürilýän ýüňi hem-de elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakynda” karary bilen milli telekeçilerimize ady agzalyp geçilen önümleri daşary ýurtlara erkin ýerlemäge mümkinçilik berildi.

Şeýlelikde, göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde Türkmenistanda ýeterlik derejede ösen bazar düzümini döretmäge hem-de ählumumy ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, biziň haryt öndürijilerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

 

 Ymam NAZAROW, Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary