14-nji maksat: Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak

                                                                                                                  MILLI WEZIPELER


14.1. 2025-nji ýyla çenli deňiz gurşawynyň islendik görnüşde, şol sanda deňiz zir-zibilleri we iýmit maddalary bilen hapalanmagynyň öňüni almagy we düýpli azaltmagy üpjün etmek


14.3. Ummanyň kislotalaşmagy netijelerini pese düşürmek we ýok etmek, şol sanda bu işi ähli derejelerde ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijesinde amala aşyrmak


14.4. 2020-nji ýyla çenli balyk tutulyşyny netijeli düzgünleşirmegi üpjün etmek we balygyň artyk tutulmagynyň, bikanun, habar berilmeýän we düzgünleşdirilmeýän balyk tutmak işiniň we heläkçilige getirýän balyk tutmak tejribesiniň soňuna çykmak, şeýle hem, ätiýaçlyklary iň bolmanda, olaryň biologik häsiýetnamalaryny hasaba alyp ekologiýa taýdan rejeli balyk tutmagy üpjün etmäge ukyply derejelere ýetirmek bilen, mümkin bolan gysga möhletlerde balyk ätiýaçlyklaryny dikeltmek üçin hojalyk işiniň ylmy taýdan esaslandyrylan meýilnamalaryny ýerine ýetirmek


14.5. 2020-nji ýyla çenli milli kanunçylyga we halkara hukugyna laýyklykda we bar bolan iň gowy ylmy maglumatlaryň esasynda, kenarýaka we deňiz etraplarynyň iň bolmanda 10 göterimini tebigaty goraýyş çäreleri bilen gurşap almak


14.6. 2020-nji ýyla çenli balyk tutmak işi üçin berilýän, çendanaşa kuwwatlyklaryň döredilmegine we artyk tutulmagyna ýardam edýän subsidiýalaryň käbir görnüşlerini gadagan etmek, bikanun, habar berilmeýän we düzgünleşdirilmeýän balyk tutulmagyna ýardam edýän subsidiýalary ýatyrmak we ösüp barýan we gowşak ösen ýurtlar babatynda aýratyn we differensirlenen düzgüni degişli derejede we netijeli ulanmagyň Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan balyk tutmak işine subsidiýa bermek baradaky mesele boýunça gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolmalydygyny ykrar etmek bilen, şular ýaly täze subsildiýalary girizmekden saklanmak


14.а. Umman gurşawynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we deňiz bioköpdürlüliligiň ösüp barýan ýurtlaryň, aýratyn hem adalardaky kiçi ösüp barýan döwletleriň we gowşak ösen ýurtlaryň ösüşine goşandyny ýokarlandyrmak üçin Hökümetara okeanografiýa topary tarapyndan işlenip taýýarlanan, Deňiz tehnologiýarylany bermek babatynda kriteriýelere we gollanma ýörelgelerine üns bermek bilen, ylmy bilimleriň möçberi artdyrmak, ylmy barlaglary giňeltmek we deňiz tehnologiýalarynyň berilmegini üpjün etmek


14.b. Senetçilik usulda balyk tutmak bilen meşgullanýan ownuk hojalyklar üçin deňiz serişdeleriniň we bazarlaryň elýeter bolmagyny üpjün etmek


14.с. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňiz hukugy boýunça konwensiýasynda berkidilen halkara hukugyny berjaý etmek ýoly bilen, ummanlaryň we olaryň serişdelerini saklap galmak we rejeli peýdalanmak boýunça işi gowulandyrmak, görkezilen Konwensiýa, onuň „Biziň isleýän geljegimiz“ atly 158-nji bendinde bellenişi ýaly, Dünýä ummanyny we onuň serişdelerini saklap galmak we rejeli peýdalanmak üçin hukuk esasyny belleýär.