«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Türkmeniň toý döwresi

Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň şanyna açylyp ulanylmaga berlen täze Döwlet münberiniň toplumy tutuş sebitde deňsiz-taýsyz binalaryň biri bolup, medeni çäreleri guramakda ösen tehnologiýalardyr köpugurly mümkinçilikleri özünde jemleýär.

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu toplumy ulanmaga bermek dabarasy bäş müňýyllyk taryhly halkymyzy bir ýere jemläp, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, ruhubelentligiň dabaralanýan toý döwresine öwrüldi. Täze toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň ösen çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirmek bilen, bu ýerde medeni dabaralary, uly baýramçylyk ýörişlerini, gerçek ýigitlerimiziň at üstündäki baýramçylyk çykyşlaryny geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilendir. Toplumyň umumy meýdanynyň 20 müň 450 inedördül metre barabardygy türkmeniň toý döwresiniň örän giňdiginden habar berýär.

Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly, ýagny 120 metrlik LED ekranyň hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalaryň oturdylmagy ýurdumyzda gazanylýan beýik zähmet ýeňişlerini, ýetilen şanly menzilleri, oba-şäherlerimiziň döwrebap görküni, tebigatymyzyň gözelliklerini, pederlerimiziň dünýä medeniýetine hem-de ylmyna goşan naýbaşy goşantlaryny... wideoşekiller arkaly giňden şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi medeniýet we sungat ussatlarymyzy baýramçylyk dabaralaryny täzeçil usullar arkaly guramak üçin döredijilik gözleglerine atarýar.

Bu ägirt uly toplumy synlanyňda, alym Arkadagymyzyň şan-şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaň salan ruhy däplerini döwrebap röwüşde dikeldýändigine, ol däpleriň dowamatyna täze ömür goşýandygyna buýsanjyň artýar. Mälim bolşy ýaly, parasatly pederlerimiz medeniýete, ylym-bilime, nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berişleri ýaly, toý-baýramlary hem nusgalyk derejede geçirmegi başarypdyrlar. Köp müň adamlyk ýörite toýhanalar gurlup, toý döwresine jemlenen ähli ýaşdaky adamlaryň medeni-ruhy taýdan kämilleşmegi, lezzetli dynç almagy, ruhlanmagy üçin ähli zerur şertleri döredipdirler. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle ähmiýetli maglumatlary okanymyzda, has magat göz ýetirýäris: «Türkmenler Oguz handan gaýdýan däp-dessurlaryny ähli döwür-zamanlarda saklap gelýär. Obamyz Yzgandyň golaýyndaky gumuň eteginde «Hatyja» diýlip atlandyrylýan giň ýaýla bar. Bu ýaýlany kalby sähra deý nurana, ýüregi ak öýüniň işigi dek açyk obadaşlarymyz toý tutmak üçin amatly ýer hasap edýärdi. Biziň neberämiz hem bu atgaýtarym ýaýlada at çapdyryp, göreş tutdurýardy. Keçe-keçe ýa-da ýaglyga towusmak ýaly oýunlar toý şowhunyna şowhun goşýardy. Köpügören garrylarymyz häli-şindi: «Ýüwrük görjek bolsaň, sahy görjek bolsaň, göreş görjek bolsaň, Hatyja bar» diýerdiler».

Şanly taryhymyza ser salsak, parfiýalylaryň ilkinji paýtagt şäheri Köne Nusaýda Mitridat şa tarapyndan toý-baýramlary geçirmek, dessurlary berjaý etmek üçin ýörite binagärlik köşk toplumy gurulýar. Ol etnografiýa ylmynda “Nusaýyň Togalak zally köşgi” diýlip atlandyrylýar. Hut şu köşk binagärlik toplumyndan häzirki wagtda dünýäniň sungaty öwrenijilerini haýrana goýýan Mitridatyň gyzy Rodogunanyň we beýleki keramatly adamlaryň mermer heýkelleri, äpet sütünler hem-de beýleki arheologik gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Patyşanyň gatnaşmagynda geçirilen toý-baýramlarda Köne Nusaýyň daşyny gurşap oturan şäher galasynyň 43 diňiniň depesinde toý dowullary kakylyp, halkyň bagtyýarlyk buýsanjynyň çawyny alyslara aşyrypdyr. Antik döwrüň alymlary Arrianyň, Plininiň, Diadoryň, Plutarhyň ýatlamalarynda beýik serkerde Aleksandr Makedonly biziň eýýamymyzdan öňki 330-njy ýyldan 329-njy ýyla geçilen Täze ýyl baýramyny Nusaýda toýlap, ýerli ilatyň ruhy däbine laýyklykda harby baýramçylyk ýörişini guradypdyr hem-de milli toý-baýramlaryň many-mazmunynyň iňňän çuňdugyna hormat bildiripdir.

Bilşimiz ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şanyna guralan atly ýörişiň badalga dabarasynda Nusaýyň diňleriniň arheologiýa depeleriniň 17-sinde gadymy döwürlerdäki ýaly toý dowullary kakyldy.

Toý-baýramlary agzybirlikde geçirmekde gadymy oguz däp-dessurlary Beýik Seljuklar şadöwletinde hem dowam edipdir. Taryhy maglumatlarda beýan edilişine görä, Soltan Sanjar döwletiň tanymal alymlaryny, ýazyjy-şahyrlaryny, meşhur adamlaryny köşgüne çagyryp, uly toý tutupdyr. Olaryň täze döreden eserleri, ylmy açyşlary bilen tanşyp, halat-serpaý ýapypdyr. Soltan Sanjaryň döwründe baýramçylyk harby ýörişleriň guralandygy, olary dabaralandyrmak üçin ýörite sazandalar toparlarynyň bolandygy barada anyk maglumatlar saklanyp galypdyr. Baýramçylyk ýörişlerinde ýaňlanan şol dabaraly sazlar sungaty öwreniş ylmynda «Sanjary sazlary» ady bilen meşhurdyr.

Halkymyzyň toý döwresinde milli oýunlaryň örän guramaçylykly geçirilip, aýdym-saz diňlemegiň özboluşly däp-dessurlarynyň bolandygy barada XX asyryň başynda Diýarymyzda etnografik gözlegleri alyp baran akademik A.Samoýlowiç şeýle ýazýar: «Gökdepede tutulan toýda berjaý edilen milli ýörelgeler mende diýseň täsir galdyrdy. Göreş tutmagyň nobaty gelende, tomaşaçylar pälwanlaryň daşyna döwre guradylar. Birinji hatardakylar aýbogdaşyny gurup oturdylar; ikinji hatardakylar dik durdular; üçünjidäkiler at üstünde synladylar, dördünji hatar selçeňräkdi, olar düýäniň üstünde oturan janköýerlerdi. Iň öňdäki hatarda obanyň ýaşululary, eminler we jarçy orun aldy. Halypa pälwanlar öz şägirtlerini öňe alyp çykýardy we olary göreş tutmaga taýýarlaýardy. Gyrmyzy donuň daşyndan guşalan guşakdan ýapyşan pälwanlar biri-biriniň ahmalyny peýläp, garşydaşyndan üstün çykmaga maý gözlediler, öwrüm edip, tilsim-tär ulanyp, örän çekeleşikli göreşdiler. Ýeňijiler yzly-yzyna yglan edildi. Göreş örän täsirli we şüweleňli geçdi. Soňra toýçular aýdym-saz, söhbetdeşlik eden bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler».

Görnüşi ýaly, gözel paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda gurlan täze Döwlet münberiniň binagärlik toplumy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň abadan we eşretli durmuşynyň özboluşly nyşanydyr. Şonuň bilen birlikde ol şöhratly taryhymyzy, nusgalyk ruhy ýörelgelerimizi dünýä ýüzüne giňden ýaýjak medeni ojakdyr.

Agamyrat BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf. Surata düşüren Hasan MAGADOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40893