Ýylyň birinji çärýeginiň jemleri

ykdysady görkezijiler durnukly ýagdaýda 

                                                                   

 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Biz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. 

                                                                   

Soňra 2023-nji ýylyň üç aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berdi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär. 

                                                                   

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2023-nji ýylyň üç aýyndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynda, elektrik energiýasynyň, beýleki önümleriň öndürilişinde ösüş depgini üpjün edildi. Ulag we aragatnaşyk pudaklarynda durnukly görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak boýunça oňyn görkezijileriň üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 11,8 göterim artdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň öndürilişi ýokarlandy.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji çärýeginde ýetilen sepgitlerden ugur alyp, makroykdysady durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegiň, pudaklarda önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hasabat döwründe ýerine ýetirilişini düýpli seljermek babatda görkezme berildi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gezekli-gezegine gözegçilik edýän pudaklarynyň 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler. Soňra Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, şu ýyl paýtagtymyzda birnäçe durmuş we beýleki maksatly desgalary ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, şäher infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň tassyklanan sanawyna laýyklykda, häkimligiň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de paýtagtyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän we azyk harytlarynyň üpjünçiligini durnukly saklamak, haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmek barada görkezme berildi. Hormatly Prezidentimiz ilatyň bökdençsiz agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa 10 göterim ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny, beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga-da taýýarlyk görülýändigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegi we öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak syýasatyny dowam etdirmegi, maýa goýumlary çekmegi, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň möçberini artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr. 

                                                                   

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Sanlar, maglumatlar: 

                                                                       

  •  Şu ýylyň geçen üç aýynda jemi öndürilen önüm, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.  

                                                                       

  •  Bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                       

  •  Hasabat döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär. 

                                                                       

  •  Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 115,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,9 göterime, çykdajy bölegi bolsa 96,5 göterime deň boldy. 

                                                                       

  •  Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 13,7 göterimine barabar boldy. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy 10,7 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik, 55,2 göterimi medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                       

  •  Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 53,8 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 126,1 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň 134,4 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. 

                                                                       

  •  «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,5 göterim, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň meýilnamasy 102,8 göterime deň boldy. 

                                                                       

  •  Şu ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 109,2 göterim berjaý edildi. 

                                                                       

  •  Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. 

                                                                       

  •  Tutuşlygyna obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,7 göterime deň boldy.