Türkmeniň gadymyýetden uzaýan asylly däbiniň häzirki gün hem birkemsiz ýöredilmegi onuň aslynyň päklikden, halallykdan uzap gaýdýanlygyndan habar berýär. Çünki islendik bir millet özboluşly däp-dessury, edim-gylymy bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýar.
Eli çeper zenanlarymyzyň dokaýan bezeglik el işleri bu günki günde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlularyň ünsüni özüne çekýär. Bütin älemi haýrana goýýan türkmen gölli, şeýle-de tebigatyň, dünýäniň iň gözel ýerleriniň şekilleri siňen nepis halylarymyz her bir öýleriň, iş ýerleriň bezegi bolup durýar. Bu gözellik bize gadymyýetimizden şu günümize mirasdyr. Nepis halylarymyzyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä milletleriniň her bir ojagynyň bezegi bolmagynda telekeçi zenan Gülnur Çopanowa bu günki gün asylly işi alyp barýar.
Çagalykdan hem bu sungatyň yşgynda gezen ýaş zenan mundan 6 ýyl ozal Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde halyçy gelin-gyzlarymyza ilkinji gezek türkmen bedewimiziň keşbi ýerleşdirilen «Ak han» atly halyny dokadyp, özüniň el işleri satylýan kiçijik dükanyna alyp gaýdýar. Inçeden nepis dokalan bu haly dükana gelýän her bir müşderiniň ünsüni aýratyn özüne çekýärdi. Salym wagt geçmän oňa alyjy tapylýar. Ep-esli wagtdan soň hem ol halyny sorap gelenler az bolmandyr. Gelýän talaplary göz öňünde tutup, telekeçi Gülnur Çopanowa nepis dokalan bezeg halylarynyň sanyny köpeldip, dükanyny giňeltmegi maksat edinýär. Şol günden başlap hem «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezinde özüniň bezeg görnüşli, şeýle-de türkmen gölli el halylary satylýan dükanyny açýar. Ol ýere öňküden-de owadan, tebigatyň, milli gymmatlyklarymyzyň gözel keşbi siňdirilen ajaýyp halylardan birnäçesini ýerleşdirýär. Bu ýere gelýän alyjylaryň sany barha artyp ugraýar.
Häzirki wagtda «NurAý» haryt nyşanly ýüňden dokalan halylar, torbalar bilen birlikde, ýüpekden edilen birnäçe düşekçeler, uly göwrümli palaslar, şeýle-de elkeşde ýakalar, gyňaçlar bu dükana gelýän müşderileriň iň söýgüli harytlaryna öwrüldi.
— «NurAý» el işleri dükanymyzda ilki diňe gelin-gyzlarymyz üçin ýakalary hödürleýärdik. Soňra ýuwaş-ýuwaş nepis el halylarymyz bilen müşderilerimiziň isleglerini ýerine ýetirip ugradyk. Bu işe ilki ýekelikde başlapdym. Häzir bolsa ejem, kakam, umuman, ähli maşgalamyz bolup, bu işi alyp barýarys. Sungat sere gelmejek jadylaýjy güýji bilen ynsany özüne çekýän bolsa gerek?! Ejem halyçalar maşgalasynda önüp, ösensoň, onuň özi hem haly dokaýardy. «Çagajykkaň joralaryň daşarda oýnasalar, sen meniň haly dokaýşymy görüp, esli wagt gymyldaman seredip oturýardyň. Özüm seslenip ünsüňi böläýmesem, tä dokap bolýançam, kelam agyz gürlemezdiň» diýip, ejem maňa gürrüň bererdi. Ol wagtlar näme, ýaşym kiçi bolansoň, şol pursatlardan az-kem ýadyma düşýär. Görýän peýzaž halylarymyzyň nusgasyny ýörite suratkeşimize çekdirip, şoňa görä gyzlarymyza ony dokadýarys. Alyjylaryň islegi boýunça 2x3, 3x4, 1,80x1,14 ýaly dürli görnüşdäki türkmen gölli halylarymyzy hem hödürleýäris — diýip, telekeçi zenan gürrüň berýär.
Müşderileriň el işlerine bildirýän talaplary, olaryň peýzaž halylara bolan islegleri dogrusynda sowaly orta atanymyzdan, telekeçi zenan haýal etmän, bu barada gürrüň bermäge başlady.
— Islendik ynsanyň bir pursatlyk tebigat bilen ýalňyz galmagy onuň durmuşyna örän köp täsirleri ýetirip bilýär. Käwagt şeýle ýagdaýlar bolýar. Dükanymyza gelýän müşderilerimiz peýzaž görnüşindäki halylarymyzy synlap onuň öňünde ençeme wagtlap durýarlar. Şonda men olara suwuň şekili ýerleşdirilen diwarlyk halylarymyzy salgy berýärin. Suw, aslynda, jan, tebigatyň bize eçilen ýaşaýyş çeşmesi. Şeýle hem olara: «Öýňüziň durkuny halynyň diwardan asylmanka we asylandan soňky ýagdaý bilen deňeşdiriň. Şondan soň pikiriňizi aýdyň» diýip ýüzlenýärin. Soňra maňa: «Sen gaty dogry aýdypsyň, halyny asanymyzdan soň, hakykatdanam, öýmüziň durky täzelenen ýaly bolaýdy» diýip, jaň edýän müşderilerimiz hem az däl. Bezeg üçin halylarymyzy alýan müşderilerimize esasy berýän maslahatym, köplenç, halylary diwanyň arka ýüzünden däl-de, göni garşylaryndaky diwara asmaklaryny tabşyrýaryn. Bu jadyly sungata sereden her bir kişi ondan ruhy lezzet alýar, ol adamy rahatlandyrýar. Bir gezek ondan täsirlenen müşderi, soňra ähli otaglaryny şular ýaly halylar bilen bezeýär. Beýle ýagdaýlara eýýäm 6 ýylyň içinde örän köp duş geldik. Şol sebäpden häzirki wagtda peýzaž el halylarymyza isleg bildirýänleriň sany has-da artdy.
Telekeçi, şol bir wagtyň özünde adamlaryň sungat bilen arasyndaky arabaglanyşyga aňrujy göz ýetirýän ýaş zenanyň dükany bu gün el işleri satyn almak üçin ýygnanýan müşderilerden hyň berýär. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk dükanyndaky nepis halylara isleg diňe bir ýurdumyzdan däl, eýsem Türkiýe, Özbegistan, Dubaý şäheri, Afrika, Awstraliýa ýaly ýurtlardaky müşderilerden hem talaplar gelýär. Ol ejesi Ogulnabat Çopanowa bilen birlikde ýurdumyzda guralýan dürli sergilere gatnaşyp, halyçy gelin-gyzlarymyzyň biri-birinden çeper ellerinden dörän ajaýyp işlerini «NurAý» haryt nyşany bilen sergilemek arkaly myhmanlaryň göwnünden turýar.
Ogulnar Azat gyzy,
«Diýar».