Ýyladyşhana önümleri – saçaklarymyzyň berekedi

Ulanylmaga tabşyrylan ýyladyşhana toplumlarynyň altysy hem ähli görkezijiler, şol sanda tehnologik üpjünçiligi boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Olarda her ýylda gök önümleri öndürmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredildi. Öndürilen önümler içerki we daşarky bazarlarda ýerleniler. Obasenagat toplumynyň bu desgalarynyň açylmagy ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi bilen baglylykda hem uly ähmiýete eýe bolup, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär.

Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap, işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Ýylylygyňdyr çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýygnalan möhleti, taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan parasatly syýasaty we durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde eziz Watanymyz ösen ýurtlaryň hatarynda özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. «Türkmenistan –— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde syýasy, ykdysady kuwwatyny artdyryp, bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Muňa ýurdumyzda günsaýyn bolup geçýän iri taryhy wakalar aýdyň şaýatlyk edýär. Mähriban halkymyz şu günler eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýän obasenagat toplumyna degişli täze desgalar yzygiderli gurulýar. Bu babatda üstümizdäki ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Oguz ýoly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylandygyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berendigini uly buýsanç bilen ýatlasymyz gelýär.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilik ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär, innowasion tehnologiýalar we döwrebap bazar usullary giňden ornaşdyrylýar, milli ykdysadyýetimiz senagatlaşdyrylýar, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümler giňden öndürilýär. Muny şol gün Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda açylyp ulanylmaga berlen täze, döwrebap ýyladyşhana toplumlary hem aýdyň subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde bize-de bu ýatdan çykmajak wakanyň şaýady bolmak miýesser etdi. Şatlykly we şowhunly toý-baýrama öwrülen bu dabarada hormatly Prezidentimiz çykyş edip, häzirki döwürde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalygyny durnukly ösdürmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şular ýaly önümçilik desgalarynyň giň gerim bilen gurlup, bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berilýändigini nygtady. Bu bolsa hususy önüm öndürijilerimiz tarapyndan dürli azyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja, miwe we beýleki önümleriň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, döwrebap önümçilik kärhanalarydyr ýyladyşhanalary döretmäge, bazar gatnaşyklaryny we işewürligi ösdürmäge, eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Dabaranyň çäklerinde bize ýurdumyzyň telekeçileri bilen söhbetdeş bolmak pursatlary hem döredi. Ildeşlerimiz Şamyrat Herremow, Begenç Arazow, Maksat Ibragimow we beýlekiler milli telekeçiligimiziň ösüşine berýän uly ünsi, hususy pudagyň wekillerine döredip berýän ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. Biziň telekeçilerimiziň gazanan üstünliklerini, öndürýän önümlerini bu ýerde gurnalan sergide göreniňde buýsanman saklanmak mümkin däl. Sergide gök önümleriň, miweleriň we bakja, däne, süýt, et, süýji-köke önümleriniň, gaplanan önümleriň, miwe kişdeleriniň, duza ýatyrylan önümleriň, miwe suwlarynyň, şireli içgileriň dürli görnüşleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde zähmetsöýer watandaşlarymyza paýlanan dürli kysymly häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görenleri haýrana goýdy we buýsandyrdy.

Şol dabaraly gün ulanylmaga berlen ýyladyşhanalar barada aýtsak, onda olaryň ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge mümkinçilikleriniň bardygyny bellemeli. Şeýle hem, häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş ornunyň döreýändigi hem örän ähmiýetlidir.

«Oguz ýoly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana ýylda 2000 tonna gök-miwe önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen. Onuň tutýan meýdany 8 gektara barabardyr. Ýyladyşhana daşary ýurtly meşhur kompaniýalaryň enjamlary, häzirki zamanyň iň kämil tilsimatlaryndan peýdalanyp gurlupdyr. Bu ýerde ýerleşdirilen tehnologiýa howa ulgamy, ýagny çyglylyk, kömürturşy gazyň ýagdaýy we ýagtylyk ýörite gurnalan kämil tilsimatlar arkaly sazlanýar. Tomus aýlarynda degişli derejedäki salkynlygy saklamak üçin bu ýerde sowadyjy enjamlar oturdylypdyr. Ýyladyşhanada pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulypdyr. Bu ýerde pomidor bilen birlikde, gök önümleriň beýleki görnüşlerini hem ýetişdirip bolýar. Ýygnalan hasyly daşamak üçin degişli enjamlar goýlupdyr. Bu ýerde ýetişdirilýän ter önümler hem içki bazarlarymyza, hem daşary ýurt bazarlaryna ugradylýar.

Täze ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen 85 sany täze iş orny döredi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda «Oguz ýoly» hojalyk jemgyýetiniň paýyna düşen Mahmal ýaýlasy diýlip atlandyrylan bu giň meýdanda alma agajynyň 1 million 300 müň düýp dürli görnüşli nahallary oturdylypdyr. Geljekde şu ýerde döwrebap sowadyjy ammarlary gurmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň telekeçilerimize berýän uly goldawy esasynda ilatymyz ýylyň ähli möwsüminde ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün edilýär, ýurdumyzyň eksport kuwwaty ýokarlanýar, döwrebap tilsimatlar arkaly oba senagatynyň kämil düzümi emele getirilýär, tarp ýerler özleşdirilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bu guwandyryjy işleriň netijesinde biziň saçaklarymyzyň berekedi artyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar.

Bizi abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadyp, ata Watanymyzy ösüşli ýol bilen ynamly öňe alyp barýan belent mertebeli Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary rowaç bolsun!

Batyr MYRADOW,

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24527