Öňňin Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolanlara täze öýleriň açarlaryny gowşuryş dabaralary geçirildi.
Aşgabat. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň giň howlusy toý şatlygyna beslendi. Baýramçylyk bilen utgaşan türkmen toýlarynda milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi, ak öýler dikilip, toý gazanlary ataryldy.
Baýramçylyk mynasybetli täze jaý alan 8 çagaly zenanlaryň biri Annagözel Begenjowadyr. Bu agzybir maşgalada 5 ogul, 3 gyz bar. Olaryň täze goňşusy bolan Döwletmyrat bilen Sähragül Gurbanmyradowlaryň bagtyýar maşgalasynda hem 5 ogul, 3 gyz terbiýelenýär.
Täze jaýdan paýly bolanlaryň hatarynda Natalýa Saltykowa, Ogulgerek Aýmuhammedowa hem bar. Olaryň ojaklary-da Halkara zenanlar gününde goşa toýa, goşa şatlyga beslendi.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy Ogulgerek Aýmuhammedowa 4 gyzyň, 4 ogluň enesi. Onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny, üç otagly öýüň açaryny almak bagty maňa-da nesip etdi. Muňa ähli maşgalamyz bolup begenýäris, milli Liderimize müň keren alkyş aýdýarys.
Bize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyp, Şa serpaýyny ýapan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!» diýip, ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Dabara tamamlanandan soňra, täze öýlerde desterhanlar giňden ýazylyp, toý sadakalary berildi.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Ahal. Halkara zenanlar gününiň dabaralary welaýatyň ähli ýerinde şatlyk-şowhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak esasy baýramçylyk dabaralarynyň biri hökmünde göwün göteriji häsiýete eýe boldy. Her ýyl önümçilikde öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Köp çagaly bagtyýar eneleriň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň sowgat berilmegi Halkara zenanlar gününiň şanyna geçirilýän dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabaralary hakyky toý ruhuna beslenip, aýdym-sazyň joşgunly owazyna ulaşdy. Änew şäheriniň «Galkynyş» ýaşaýyş jaý toplumyndaky 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öý sowgat alan, Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Aknur Hojaýewanyň şatlygynyň çägi ýok.
— Maňa «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan bäş otagly öýüň açary gowşuryldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyp, juda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdim. Hormatly Prezidentimiz köp çagaly eneler barada aýratyn alada edip, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini birjik-de ünsden düşürmeýär. Munuň şeýledigine bu gün öz durmuşymda ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Sekiz çaganyň — bäş gyz, üç ogul perzendiň enesi hökmünde özümiz barada edýän bimöçber aladalary üçin milli Liderimize ene ýüregimden egsilmez alkyş aýdýaryn — diýip, Aknur gelneje ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Balkan. Welaýatyň merdana hem agzybir ýaşaýjylary Halkara zenanlar güni mynasybetli, türkmeniň ýüzüniň tuwagyna deňelen gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralan dabaralary juda belentden tutup, ýatda galyjy, täsirli çärelere beslediler. Buýsançly dabaralar Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda öz mynasyp başlangyjyny tapdy. Bu ýerde welaýatyň etraplarydyr şäherlerinden gelen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan balkanly zenanlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada, halkymyz hakynda, esasan hem, türkmen zenanlary babatynda edýän çäksiz aladalary üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny buýsanç bilen beýan etdiler.
Welaýatda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesine Balkanabat şäherinde täze gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýyndan ähli amatlyklary bolan dört otagly täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli guralan dabaralar hem ýokary ruhubelentlige beslendi. “Ene mähri” diýen hormatly adyň eýeleri bolan zenanlaryň öz maşgalalary bilen täze öýlere göçüp gelmekleriniň şanyna tutulan dabarada döwrebap aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
— Biziň maşgalamyza berlen dört otagly täze öý üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Bize bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, çagalarymyzy edepli-ekramly, ilhalar, ylymly-bilimli, watançy nesil edip ýetişdirmäge döredýän ähli mümkinçilikleri, berýän ýeňillikleri üçin hak Howandarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys — diýip, “Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi Ogultuwak Allaberdiýewa ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli günbatar sebitiň merkezi şäheri Balkanabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan konsertde welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda Garaşsyz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleriniň, bagtyýar durmuşymyzyň, mährem ene-mamalarymyzyň, nurana gelin-gyzlarymyzyň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Daşoguz. Halkara zenanlar güni welaýatda köp çagaly eneleriň hem toý şatlygyny artdyran bagtly wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli köp çagaly ene Şemşat Rejepowa hem täze jaýdan öý berildi.
Ajaýyp bahara görk berýän toý gününde döwletli maşgalalar täze jaýda toý tutup, baýramçylygyň şatlygyny artdyrdylar. «Ene mähri» diýen hormatly at dakylyp, täze jaýdan öýli bolmak bagty miýesser eden mährem eneler maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda amala aşyrýan beýik işleri, yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
— Ýaz gülleri ýaly bu owadan baýramçylyk güni ähli amatlyklary bolan, otaglary uly hem ýagty, aşhanasy göwnümiz ýaly giň täze öýe göçüp geldik. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, bagtyýarlyk döwrümiziň ähli eşretleriniň hözirini görüp, bolelinlikde ýaşaýarys. Ajaýyp baýramçylyk gününde döwletli sowgat almak, ähli amatlyklary bolan täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser etdi. Halkyň durmuş goraglylygy barada irginsiz alada edýän, abadan ýaşamak bagtyny peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, durmuşa geçirýän beýik işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, döwrebap jaýdan öý alan Şemşat Rejepowa buýsanjyny beýan edýär.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Mary. Halkara zenanlar güni biziň köp çagaly enelerimiz üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly at berildi. Olaryň käbirine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary hem gowşuryldy.
Täze öý almak bagtyna eýe bolan köp çagaly maşgalalaryň biri-de Murgap etrabynyň Murgap şäherinde ýaşaýan Şemşat Mommyýewadyr. Öý bikesi Şemşadyň 5 ogly, 3 gyzy bar.
8 perzendi dünýä inderen mährem enelerimiziň ýene birine Anypa Mämmetjanowa diýýärler. Ol Ýolöten etrabynyň Döwletli geňeşliginde ýaşaýar. Onuň maşgalasyna-da 3 otagly döwrebap öý sowgat berildi. Anipa hem ýanýoldaşy Dathuda bilen 6 ogly, 2 gyzy terbiýeläp ýetişdirýär.
Biz hem täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgalalara «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Lebap. Toý gününde köp çagaly enelere Şa serpaýlary, goşa-goşadan sowgatlar gowşuryldy. Onda-da ne sowgatlar! Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen dakylan hormatly at we täze ýaşaýyş jaýynyň açary! Şeýdip, welaýatyň ýaşaýjylary Altyn Hojakulyýewa bilen Badamgül Dowronowa şu baýramda «Ene mähri» diýen hormatly adyň hem täze öýleriň eýesi boldular.
Saýatly zenan Altyn Hojakulyýewanyň ýanýoldaşy Kömek Gurbandurdyýew bilen guran bagtly maşgalasyndaky ilkinji perzent — Jennet mundan 28 ýyl öň dünýä indi. Geçen ýyl bolsa bagtyýar ene-ata özleriniň sekizinji perzendini — Şazadajygy ele aldylar. Şeýdip, Kömek aga alty gyzyň, iki ogluň bagtyýar kakasy, Altyn gelneje bolsa hem olaryň bagtyýar ejesi, hem ajaýyp döwrümiziň döşüni hormatly adyň nyşany bezeýän bagtyýar zenany boldy. Şeýle-de ozal Saýat etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýaşan bu maşgala Türkmenabat şäherinde sowgat berlen üç otagly döwrebap öýe göçüp geldi. Altyn gelneje baýramçylyk sowgady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýar.
Gahryman Arkadagymyzyň adyna şeýle alkyşly sözler ozal Döwletli etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Ýaşlyk obasynda ýaşan, indi bolsa iň täze şäherçeleriň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk şäherçesine göçüp gelen bagtyýar ene Badamgül Dowronowanyň dilinde hem sena öwrüldi. Şol gün Aman Nasirowyň we onuň ýanýoldaşy Badamgül Dowronowanyň maşgalasyna hem täze öý sowgat berildi.
— Şu ýyl biziň üçin juda düşümli boldy. Ýylyň ilkinji gününden köp çagaly enelere döredilýän täze ýeňilliklerden peýdalanyp başladyk. Täze ýaşaýyş jaýyndan döwrebap öýüň berilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny maşgala taryhymyzyň iň şanly ýylyna öwürdi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris — diýip, bagtyýar ene ýüregine sygmadyk şatlygyny paýlaşýar.
Agageldi ITALMAZOW.