Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna netijeli goşulmagynyň döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklaryny, şeýle hem maýa goýum babatda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhüm şertidigini belleýär. Şu esasda söwdany we telekeçiligi ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş ýagdaýynyň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça senagat pudagyny, obasenagat toplumyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksport kuwwatlyklaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetiň hususy pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberleri ýokarlandy we olaryň görnüşleri giňeldildi. Munuň özi içerki sarp ediş bazarlarynda islegleri kanagatlandyrmakda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Şunlukda, içerki bazarda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eýeleýän orny pugtalandy.
Içerki bazarlary zerur bolan harytlar we önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçilik mukdarlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär. Hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabatda we sebitlerde gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen hususy telekeçiligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň söwda pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Şeýle hem ol söwda pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, onuň düzümlerini berkitmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarlarynda ýerli serişdeleriň hasabyna azyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halk hojalygynyň bazar gatnaşyklary ulgamyna geçirilmeginde, ykdysady işiň täze görnüşlerini döretmekde telekeçilige möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň hereket etmegi hem-de ösdürilmegi üçin aňrybaş mümkinçilikler döredilýär, zehinli, ugurtapyjy adamlaryň tekliplerine goldaw berilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda telekeçileriň sany we olaryň iş alyp barýan ugurlary barha ýokarlanýar. Bu ulgamda bäsdeşlige ukyplylyk işjeňleşdirilýär. Munuň özi içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz senagat we oba hojalyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige daýanman, eýsem, hil taýdan täze tehnologiýalaryň binýadynda önümçiligiň ösüş depginleriniň ýokarlandyrylmalydygyny belleýär.
Hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary goýup, kiçi we orta işewürligiň ösmegini goldap, döwletimiz ykdysadyýetiň täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän nusgasyny döredýändigi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Munuň özi maýa goýmak üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, ilatyň durmuşynyň täze hilini, ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär.
Magtymguly SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.