Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösüşiň milli ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen türkmen ykdysadyýetiniň özboluşly milli modeli ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ýaly ugurlara daýanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazaryň alamatlaryny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Il-gününiň agzybirligini, halkynyň abadanlygyny baş maksat edinýän Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.

Milli we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri amala aşyrmak önümçiligiň ýokary girdejililigini, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň möçberlerini durnukly artdyrmaga gönükdirilendir. Muňa şu ýylyň 5-nji martynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen geçen iki aýyň jemleri hem şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini has ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we muňa aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda ýörite Karara gol çekilmegi ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler bilen milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlaryny we pudaklaryny uly ösüşlere ýetirer.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan eksporta niýetlenen önümçiligi artdyrmagy milli ykdysadyýeti ýokary derejede ösdürmegiň baş strategiýasy hökmünde öňe sürýär. Şunda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde innowasion ugra daýanýar. Bu möhüm ugurlar boýunça dünýä bazarynda durnukly we köp islegli, ýokary hilli önümleri öndürmäge tarap uly ädimler ädilýär.

Şeýle eksportyň hatarynda nebit we gaz, dokma önümçiligi, gurluşyk, azyk önümlerini we önümçiliklerini görkezmek bolar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige giň ýol açylmagy bilen azyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň uly toplumy döredildi. Döwlet kärhanalary bilen birlikde telekeçileriň önümçiliginiň dürli görnüşleri peýda bolýar we bu ugurda gysga wagtda örän uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy barha artyp, ol önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar we içerki önümçilik kuwwatyny döredýär, şeýle-de ykdysady hem-de durmuş meseleleriniň çözgüdi bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň netijesinde gurluşyk harytlarynyň önümçiligi ýurdumyzda netijeli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Döwletimizde täze kärhanalaryň gurulmagy bilen ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerine bolan isleg doly kanagatlandyrylar. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri bazarynyň önüm bolçulygyna we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine degerli ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Täze kärhanalarda ýerli serişdeleriň esasynda ýurdumyz üçin zerur önümler öndürilýär. Bu önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden isleg bildirilýän önümlerdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli bähbitleri we dünýä ösüşiniň umumy meýillerini nazara alýan bazar ykdysadyýetiniň öz modelini kemala getirmek we yzygiderli kämilleşdirmek babatda ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini maksat edinýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly özgertmeler ugry şu ýylyň iki aýynda hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşini maliýe we durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Şeýlelikde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriniň derejesine çenli ýokarlandyrmagy gazanmaga ýardam etdi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada uly tagallalar edýän Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22967