Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber aladasy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda eziz Watanymyzyň ähli pudaklarynda netijeli işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle üstünliklere ýurdumyzyň ulag- logistika ulgamynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biziň durmuşa geçirýän logistika strategiýamyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çägi irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdiripdir. Bu ýagdaý Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar» diýip belläp geçýär. Munuň özi ýurdumyzyň ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, täze taryhy döwrümizde berkarar Watanymyzda sebit we dünýä ähmiýetli möhüm ulag taslamalaryny amala aşyrmaga aýratyn üns gönükdirilýär. Bu bolsa, «Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyzyň sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

BMG-niň çäklerinde ulag-logistika babatdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wideo ýüzlenme arkaly çykyşynda adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly, howpsuz hem-de ygtybarly ýük daşalyşyny üpjün etmäge degişli teklipleri beýan edendigini bellemelidiris. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi hem-de onuň täsirlerini ýeňip geçmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmek bilen baglylykda onuň ähmiýeti aýratyn uludyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda kabul edilmegi ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge anyk goşant bolar. Bu bolsa, umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Onuň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlara özleriniň sebitiň we yklymlaryň söwda bazarlaryna çykyp bilmeklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kömek eder.

Ýakynda sebit we dünýä ähmiýetli möhüm wakanyň şaýady bolduk, ýagny Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň çäklerinde ýurtlaryň ulag üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek dogrusynda hem aýratyn bellenilip geçildi.

Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçliklerini we ýük dolanyşygyny artdyrmaga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu taslamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy halkara tejribäniň hem-de iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmeginde maksatnamalaýyn işleri ýokary derejede alyp barýar.

Gümrük gullugy harytlar we ulag serişdeleri serhetden geçirilende ýurdumyzyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bilen, daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmekde möhüm wezipeleri durmuşa geçirýär. Häzirki taryhy eýýamda bu wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işiniň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzda ulag üstaşyr geçelgeleriniň emele gelmegi bilen baglylykda, Gullugyň düzüminde birnäçe täze gümrük edaralary döredildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde gümrük nokatlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil gümrük gözegçilik we barlag serişdeleri bilen doly üpjün edilýär.

Biz — harby gullukçylara döwrebap derejede işlemäge we ýokary amatly şertlerde ýaşamaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat ÇEPBÄÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40406