glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana Türkmenabat şäherinde gurlar
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mundan bir hepde çemesi ozal geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen taryhy Karar ähli watandaşlarymyzda çäksiz uly begenji oýardy. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Türkmenabat şäherinde S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň binýadynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürjek kuwwatly kärhanany gurmak üçin degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu gymmatly önümi öndürjek kärhananyň gurluşyk işlerini «Mizemez gadam» hususy kärhanasy alyp barar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, häzir ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak munuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.
Bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi makullanyldy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.
1994-nji ýylda esaslandyrylan «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň iri gurluşyklary amala aşyrmakda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde baý tejribesi bar. Ilkinji ýyllarynda kerpiç önümçiligi bilen meşgullanan hususy kärhananyň hünärmenleri 2009-njy ýylda dürli maksatly iri binalary gurmaga we düýpli abatlamaga girişdiler. Çärjew etrabynda döredilen hususy kärhana welaýatymyzyň çäginde dürli ýyllarda ýaşaýyş jaýlaryny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny, sport mekdeplerini, saglyk öýlerini we beýleki binalardyr desgalary gurdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky 3 müň orunlyk awtoduralga hem hut şu hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy önümçiligini 2017-nji ýylda ýola goýan gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça hem dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Indi bolsa bu kärhananyň gurluşykçylary ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürjek kuwwatly kärhanany gurarlar.
Hususy kärhananyň baş inženeri Batyr Ibragimow gurluşyk üçin Türkmenabat şäherindäki 2-nji senagat zolagyndan 6 gektar ýeriň bölünip berlendigini gürrüň berýär. Ol Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasyna we welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine ýakyn ýerleşer.
Baş inžener gurluşykda geodeziýa we surata düşürmek işleriniň tamamlanyp, mobilizasiýa işlerine girişilendigini aýdýar. Şeýle hem şu günler gurluşygyň gitjek ýerine haýat aýlamak we beton garyjy desgany ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Ýakynda binýat guýmak üçin gazuw işleri başlanar.
Gurluşyk Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasy bilen bilelikde alnyp barlar. Has takygy, işiň tehnologiýa bölümi Italiýanyň kompaniýasyna ynanylar. Gurluşygyň tamamlaýjy tapgyrlarynda arassalanylmadyk glisirrizin turşusyny öndürmek üçin ýörite tehnologiýalaryň ýurdumyza getirilmegine we olaryň italiýaly hünärmenler tarapyndan ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Gurluşygy doly tamamlamak 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdirilen hem bolsa, «Mizemez gadamyň» hünärmenleri 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli gurluşyk işlerini doly tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. Hususy kärhananyň özünde ýeterlik derejede tehnika bar, gerek bolsa goşmaça gurluşykçylar işe çekiler. Iň bellenilmeli ýagdaý gurluşyk serişdeleriniň birnäçe görnüşiniň hut «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň öz hünärmenleri tarapyndan öndürilýänligidir. Has takygy, bu kärhana häzirki wagtda izogam, bitum, kolekum, kerpiç ýaly gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen içerki we daşarky bazara ýerleýär. Öňümizdäki iki ýylyň içinde täze gurluşyk üçin zerur bolan bu önümler bilen hususy kärhananyň öz zawody üpjün eder.
Ýeri gelende aýtsak, buýan kökünden alynýan glisirrizini Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýa, Hytaý we Hindistan ýaly döwletlerde bezeg serişdesi hökmünde (kosmetologiýada), derman we iýmit senagatynda giňden peýdalanýarlar. Diýmek, şeýle gymmatly önümiň ýene iküç ýyl çemesi wagtdan öz ýurdumyzda öndürilip başlanmagy milli ykdysadyýetimize iňňän bähbitli bolar. Türkmenistanda öndüriljek glisirrizin beýleki bir önümçilikler ― kosmetika, iýmit we derman önümleri üçin çig mal bolup hyzmat eder. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ýene bir önümçilik sazlaşygyny emele getirer.
Agageldi ITALMAZOW,