Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkara nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işi halkymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm ugurlarda gazanylýan ösüşler, özgerişler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir.

Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada buýsançly we guwançly gürrüň etmäge esas kän. Taryh üçin gysga wagtyň — şanly 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşi, umumadamzat bähbitli amala aşyrýan işleri bilen Türkmenistan döwletimiz kuwwatly, ösen döwletleriň derejesine çykýar.

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň — ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysal tapan gününiň 30 ýyllygyny baýram edýäris. Bu mukaddes baýram maddy hem ruhy baýlyklary, gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy, erkinligi bagyş etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler we ösüşler gazanyldy.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebitgaz senagaty ykdysadyýetiň ösen esasy pudaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, pudagyň innowasiýa babatda ösüşi üpjün edilýär, ýurdumyzyň dünýädäki energetika döwleti hökmündäki orny berkidilýär.

Döwletli, döwranly zamanamyzda, ajaýyp ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, dünýäde we sebitde üstünlikli alnyp barylýan energetika diplomatiýasy esasynda, türkmen energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä ýurtlaryna çykarmak, nebitgaz infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň has-da öňe ilerlemegi ugrunda amala aşyrylan işler bimöçberdir.

Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ugratjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli wezipeleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder» diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan mawy ýangyjyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň biridir. Bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi.

Şeýle-de 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT-de), hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, taslama kuwwatlylygy 70 megawat/sagat bolan gazturbinaly elektrostansiýalaryň täze energiýa toplumlarynyň ikisiniň düýbi tutuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrmagy boýunça nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Muňa 2018-nji ýylda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny mysal getirmek bolar. Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsandyryjy wakadyr. Bu gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, 2019-njy ýylyň iýunynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň nebitgaz pudagynda uly ösüşler gazanylýar, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpşahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna ýurdumyzda uly üns berilýär. Muňa mysal edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar, şeýle-de 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabaralary barada aýtmak bolar.

Iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy döwletimiziň nebitgaz pudagynyň gazananlarynyň beýanydyr.

Ýurdumyzda we sebitde nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennetgül ORAZOWA,

«Watan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21758