Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini düýpgöter özgertmek maksady bilen uzak möhletleýin maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär. Olary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimleriň biri hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylmagydyr. Bu taslama Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer.
«Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» milli Liderimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi dürli kuwwatlykly elektrik stansiýalaryň aralarynda baglanyşygy emele getirip, bu energoulgamyň islendik ýerlerindäki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirer.
Maksatnamanyň çäklerinde amala aşan ýurt ähmiýetli çäreleriň biri hem ýaňy-ýakynda — 2021-nji 23-nji oktýabrynda Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça iri möçberli taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegidir. Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman kompýuter programmalary ornaşdyrylyp, işi uzak aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň bellenilen ölçegleriniň ýerine ýetirilişine üznüksiz gözegçiligi üpjün eder. Elektrik geçirijiniň gurulmagy Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, energetikler sarp edijiler üçin oňaýsyzlyk döretmezden, energiýa toplumlaryny, elektrik podstansiýalaryny, elektrik geçirijileri abatlap we döwrebaplaşdyryp bilerler. Bularyň ählisi ýerli sarp edijileri — ýurdumyzyň şäherleri hem-de obalary bilen birlikde, her ýyl ulanyşa tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge, şonuň ýaly-da, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berer.
Halkalaýyn energoulgamy döretmegiň indiki tapgyrlarynda Ahal — Mary aralygynda 2 zynjyrly 220 kW asma elektrik geçiriji howa ulgamyny hem-de Balkan — Daşoguz aralygynda 500 kW asma elektrik geçiriji howa ulgamyny gurnamaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ugurlarda birnäçe täze ýokary woltly uly kuwwatly energiýany geçirmäge we paýlamaga niýetlenilen elektrik beketlerini gurnamak meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pajarlap ösmegini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün emek maksady bilen, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän ýurt Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Gadam AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.