Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, şan-şöhraty barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bütin dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýän ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostluk we hoşniýetli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagty bu gün dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejede gülläp ösmegi we özgermegi tutuş milleti buýsandyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek, şeýle hem agzybir halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen durmuş-ykdysady ösüş boýunça ençeme il bähbitli işler durmuşa geçirilýär.
Durmuşa geçirilýän belent maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda netijeli işler amal edilýär. Il bähbidine ýugrulan işler bolsa halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz ata Watanyna bolan buýsanjyny we söýgüsini pugtalandyrýar. Bedew bady bilen ösýän milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejelere çykmagyny şertlendirýär. Ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, ilkinji nobatda, onuň telekeçiligi ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşleriniň we usullaryny netijeli ornaşdyrmagy bilen bagly bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, dokma we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň, oba hojalygynyň, mahlasy, ähli pudaklaryň işiniň kämilleşmegi bilen berk baglydyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeler amal edilýär. Pudaklary sazlaşykly ösdürmäge, çig mal öndürmekden taýýar harytlary öndürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ykdysady-durmuş maksatly desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen netijeli işlere giň gerim berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy-da şu ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde hem-de senagatlaşdyrmakda, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Şonuň ýaly-da, energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda ähmiýeti biçak uly boldy.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu pudak ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda welaýatlarymyzda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Şonuň ýaly-da, pudakda ençeme iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek has-da buýsançlydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen batly depginlerde alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ösdürmäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň geljekde hem diňe öz ýurdumyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksport ugurlaryny köpeltmäge-de ýardam berjekdigini bellemek aýratyn buýsançlydyr.
Ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda gurlan bu täze desga tutuş Merkezi Aziýada bu ugurdaky uly desga hasaplanýar. Dünýä derejesinde gurulýan şeýle döwrebap desgalaryň hatarynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalanmagyna ýardam berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalary halkymyzda uly buýsanç döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikler jebis halkymyzyň çekýän halal zähmeti bilen baglydyr. Bu asylly ýörelge uludan-kiçi hemmeleriň kalbyny gurşap alýar. Bu bagtyýar zamana diňe bir beýik ösüşleri bilen däl, eýsem, halkymyz hakyndaky aladanyň, beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasy hökmünde buýsandyryjydyr. Biz muny üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işleriň, möhüm özgertmeleriň anyk mysalyndan aýdyň göz ýetirýäris. Bu bitirilýän işler eşretli döwrümizi aýan edip, ösüşlerden-ösüşlere, belent sepgitlere tarap öňe barýan ýurdumyzyň şöhratyny dünýä ýaýýar.
Häzirki wagtda durnukly ösüşi gazanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli maksatnamalarynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly belent wezipeler oňyn çözülýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ösüşine önjeýli goşant goşýar.
Bu günki günde ykdysady taýdan gülläp ösýän döwletimizde belent maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ykdysady-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hatary barha artýar. Ähli ugurlar boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar toplumlary eziz Diýarymyzyň görküne görk goşýar. Döwletimizde ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen belent maksatlar myrat tapýar.
Ýürek joşduryjy belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar. Bu beýik işler bolsa döwletimizi ykdysady taýdan gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň belent maksatlarynyň durmuşa ornaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».