Ýüpek halylar ― dünýäniň guwanjy

Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek halylary dokamak işi indi ençeme ýyldan bäri üstünlikli alnyp barylýar. Şu ýyl bu ýerde sap ýüpekden halylaryň 56 inedördül metri dokalyp, sargytçylara ugradyldy.

Ýüpek halylar birleşigiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminde dokalýar. Bölümiň ýolbaşçysy Aýgözel Akyýewanyň gürrüň berşi ýaly, bu işe ezber halyçylaryň 35-si çekilipdir.

― Haly sehimizde, esasan, 3-den 6 inedördül metre çenli ululykdaky ýüpek halylar dokalýar. Ýöne häzirki günlerde ussat halyçylarymyz has uly göwrümli halylar üçin sargytlary hem ýerine ýetirip başladylar ― diýip, bölüm başlygy gürrüň berýär. ― Şu günler biziň sehimiziň halyçylary umumy meýdany 50 we 80 inedördül metr bolan halylaryň ikisini dokaýarlar. Olaryň birinjisini dokamaga 8, ikinjisine 10 halyçymyz gatnaşýar.

Söhbetdeşimiziň gürrüň berşi ýaly, halylaryň ikisine hem meşhur ahal göli salynýar. Meýdany 50 inedördül metrlik halynyň esasy düşegi gyzyl reňkde bolsa, boýy 10,5, ini 7,8 metre ýetýän ikinji halynyň düşegi açyk-goňur reňkdedir.

Ýüpek halylar ýüňden dokalýan halylara seredeniňde haýal dokalýar. Ýöne olaryň ýakymy hiç haçan hakydaňdan gitmez. Şonuň üçin bu ýerde dokalan halylar taýýar bolan dessine olaryň hyrydary hem tapylyp dur. Hatda halylaryň köpüsi ýörite sargytlar esasynda dokalýar. Ýüpekden taýýarlanylan ýüplügiň birleşigiň özünden öndürilmegi bolsa işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýär. Birleşikde ýüplükleri boýamak işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar.

Eger-de mundan telim asyr ozal ýüpegiň syry Çynma-Çyndan türkmen topragyna çenli gelip ýeten bolsa, bu gün türkmen topragynda dokalan ýüpek halylar dünýäniň ähli künjeginde hyrydaryny tapýar. Şeýle bolansoň, önümçilik birleşiginde ýüpek halylaryň önümçiliginiň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek meýilleşdirilýär.

Gülzar BEKMÄMMEDOWA,

Türkmensitanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37589