Köýtendagdaky iri senagat kärhanasynyň açylyşyndaky ýakymly pursatlaryň ýol ýazgysy
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Munuň özi senagat toplumynyň mümkinçilikleriniň artdyrylýandygynyň, türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Ençeme iş orunlarynyň döremegine, ykdysadyýetiň girdejililiginiň artmagyna, netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam etjek bu iri desganyň açylyş dabarasyna şaýat bolmak bize-de nesip etdi.
Baharyň hoştap howaly gününde — 12-nji martda Watanymyzyň ýüregi Aşgabatdan howa ýoly arkaly gündogar sebitiň edara ediş merkezine baryp, ol ýerdenem demir ýol ulagy arkaly gadymy Köýtendaga, has dogrusy, Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugradyk. Ýüzümizi gijä tutup barşymyza, hyýalda ýol pelsepesi at salýardy: Ýollar... Çar ýana uzaýan ýollar. Ýollar arkaly uzak şäherde okaýan talyp mähriban öýüne, ýaz gelende durnalar dogduk diýaryna dolanýar. Ýollar bizi dosta, alys illere, Diýar giňişliklerine sary alyp gidýär. Adam ýollarda öz bagtyny tapýar...
* * *
Ýedi sagatlyk ýol azalyberipdi. Senenama boýunça 13-nji marta gadam basan günümiziň daňynyň agarmagyna az wagt galypdy. Otlynyň aýnasyndan garanymyzda, «Kelif stansiýasy» diýen ýazga hem-de kiçeňräk oba gözümiz düşdi. Bu ýerde kükregimizi baharyň sergin howasyndan dolduryp, soňra ýolumyzy awtobusly dowam etdik. Demir ýol duralgasynyň «Kelif» ady biz üçin gepbaşy boldy. Sebäbi bu ady ozal eşitsek-de, onuň gelip çykyşyndan habarymyz ýokdy. Kärdeşlerimiziň hersi bir pikiri orta atdy. Şu ýerde biraz öňe gidip aýtsak, soň hem dowam eden gözleglerimiziň netijesinde, 8-9 ýyllykda metbugatda çap edilen täsirli makalalaryň birine gabat geldik.
* * *
Kelif — gala, taryhy-medeni ýadygärlik. Ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Amyderýanyň kenaryna has ýakyn ýerde ýerleşýär. Maglumatlara görä, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen bu şäheriň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýär. Kerwen yzly bu ýerlerde söwdagärler söwda-satyk, alyş-çalyş işlerini ýola goýupdyrlar. Hytaýdan, Şaşdan gelýän kerwenler Hojapiliň, Köýteniň, Bazardepäniň, Garlygyň üsti bilen Kelife gelip ýetipdirler. Bu ýerdenem Balha, Gazna, Hindistana tarap ugrapdyrlar... Oturymly ilat «kelif» sözüni «gulp» ýa-da «kilt» sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplap, ony Isgender Zülkarneýniň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga birleri «kelif» sözüniň «zuf» sözünden döräp, onuň «kenardaky şäher» diýen manyny aňladýandygyny, käbirleri bolsa bu sözüň türkmenleriň «gelip» sözünden dörändigini tekrarlaýarlar. Her niçik-de bolsa, Kelif şäheri döreýşi boýunça antiki zamanlara degişli ajaýyp mesgen. Özem Amyderýanyň orta akymynda Kerki geçelgesinden soňra iň uly güzer bolan Kelif geçelgesi, esasan, dört sany ýalpak güzerden ybarat bolupdyr. Olar Jargüzer, Kelifgüzer, Akderigüzer, Şagondygüzer diýlip atlandyrylypdyr. Şoňa görä-de, Kelif begligi diňe şu geçelgeden düşýän girdejiniň-pajyň hasabyna güzeranyny gurply dolandyryp bilipdir.
* * *
Ýazda säherler hemişe-de üýtgeşik we mylaýym bolýar. Ýolda daň agaryp başlan uçurlarynda çar ýanymyzy gurşap alan dag belentliklerine gözümiz düşdi. Köýten säheriniň özboluşly gözelligi özüne maýyl etdi. Ümzügimiz öňe bolansoň, alnymyzda şäher yşyklary peýda boldy. Jahanyň ýagtylyp gelýändigine garamazdan, bu yşyklar bize gol bulaýardy. Barmaly menzilimize ýetenimizde, senagat şäherçesidir öýden yşyklarymyzyň, asyl, diňe sement zawodyna degişlidigine göz ýetirdik. Birinji tapgyry Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen iri desganyň bu gün ikinji tapgyry açylýar. Şu mynasybetli bu ýere welaýatyň medeniýet-sungat ussatlary, dürli kärdäki raýatlar, talyp ýaşlar ýygnanypdyrlar. Olaryň gülüp duran ýüzleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde ikinji tapgyry açyljak bu zawod ýurdumyz, milli ykdysadyýetimiz, halkymyz üçin örän bähbitlidir.
* * *
Halk üçin edilýän şeýle bähbitli işlere göwnümiz galkynyp, metbugat wekilleri hökmünde kärdeşlerimiz bilen ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda ýürek buýsanjymyzy paýlaşdyk. Has dogrusy, ildeşlerimize Lebap sement zawodynyň ähmiýetini düşündirmegi, wagyz etmegi maksat edindik. Şunuň bilen baglylykda, anyk maglumatlara ýüzlendik:
■ Zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.
■ 38 sany binadan we desgadan ybarat bolan zawod dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr.
■ Ikinji tapgyrda 250-ä golaý işgär zähmet çeker.
■ Hasaplamalara görä, täze zawodda önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden ep-esli azdyr. Çünki howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.
■ Gurluşyk taslamasy ýerine ýetirilende ulanylan enjamlaryň we ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlaryna hem-de IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýändigi üçin «ThyssenKrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň güwänamasy gowşuryldy.
■ Zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde gurlupdyr...
* * *
Şeýle maglumatlaryň sanyny näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Bularyň ählisi-de ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimizde degişli ugur boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara aýratyn ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Bu ýatda galyjy pursatlary watandaşlarymyz mawy ekran arkaly synlandyrlar.
* * *
Dabaralar tamam boldy. Biz hem zawodyň agzybir işgärler toparyna uly üstünlikleri arzuw edip, ýola düşdük. Köýtendag etrabynyň «Kelif» demir ýol duralgasyna gelip, ol ýerden otly bilen gadymy Kerkä tarap ugradyk. Kerki Halkara howa menziliniň döwrebap binasyna uzaklardan gözüň kaklyşýar. Sebäbi ýurdumyzda kämil enjamlaşdyrylan täze-täze howa menzilleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, Watanymyzyň ähli sebitinden halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygy üpjün edilýär. Ulag-logistika ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bagly meseleler elmydama üns merkezinde saklanylýar. Biz hem döredilýän giň mümkinçilikleriň janly şaýady hökmünde döwrebap howa ulagy arkaly, açylyş dabarasynda uly joşgun bilen ýaňlanan aýdymyň sözlerine ýuwaşja hiňlenip, Kerkiden ak mermerli Aşgabada sary ugur aldyk:
Täze-täze ymaratlar açylýar,
Gül Lebaba bagtyň nury seçilýär...
Artykguly HOJABERDIÝEW,
«Nesil». Aşgabat — Köýtendag — Aşgabat.