Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen mähirli salamlaşyp, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. “Buig” kompaniýasynyň biziň döwletimiziň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşydygyna aýratyn üns çekildi. Umumy sany 70-e golaý bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa binagärlik taslamalarynyň hem-de şäher bezeginiň nusgalarynyň tutuş toplumyny işläp taýýarlamaga, olary durmuşa geçirmäge ukyplylygyny görkezdi we ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara, tutuşlygyna türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy. Marten Buigiň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hormatly Arkadagyň gymmatly maslahatlaryndan we tekliplerinden hemişe ugur alynýar. Bu kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy hem-de holdingiň ýurdumyzda 30 ýyldan gowrak iş alyp barýandygy aýratyn bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, bilelikdäki işiň oňyn tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdi. Durmuş-medeni, dolandyryş we beýleki maksatly täze desgalaryň hasabyna ýyl-ýyldan paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti ýetirilýär. Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde derejesini ynamly berkidýär. Munuň özi halkara derejeli iri çäreleri guramak, daşary ýurtly myhmanlary we wekiliýetleri mynasyp garşylamak üçin ähli şertleriň döredilmegini talap edýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki gepleşikleri hem-de iri taslamalaryň tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulan, fransuz kompaniýasy tarapyndan bina edilýän işewürlik merkeziniň ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen utgaşykly sazlaşyp, onuň ýene bir ajaýyp künjegi emele getirjekdigini belledi.
Duşuşygyň barşynda işewür hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesi, olaryň bellenilen möhletlerinde ulanmaga tabşyrylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.
Işewür hoşlaşanda, kompaniýa bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan bu kompaniýalar geljekde-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna üýtgewsiz hem-de hemmetaraplaýyn jogapkärli çemeleşjekdigine, kompaniýa ynanylan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.