Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

 2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Artur Andrysiak bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow myhmanlar bilen mähirli salamlaşdy we jenap Artur Andrysiaky täze wezipä bellenilenligi bilen gutlap, duşuşyga türkmen tarapyndan gatnaşýanlar bilen tanyşdyrdy. 

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Strategiýanyň işlenip taýýarlanýadygyny belledi we bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek üçin gowy mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulyşmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde Aziýanyň Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyň oňaýly boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, telekeçiligi goldamak we maliýe-bank ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Myhman, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýändigini,ýurdumyzda wekilhananyň 2010-njy ýylda açylandygyny belledi. Bankyň ýurduň söwda, eksport bazarynyň diwersifikasiýasy, ulag-üstaşyr, energiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýändigini we sebitleýin gatnaşyklaryň güýçlenmegine ýardam berýändigini aýtdy. Bularyň biziň aramyzdaky hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň wajyp esasy bolup durýandygyny belledi. 

Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Strategiýanyň işlenip taýýarlanýadygyny belledi we bu ugurda ministrligiň maslahatlarynyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Institutynyň taslamalarynyň çäklerinde hem alnyp barylýandygyny belläp geçdi. CAREC maksatnamasynyň syýahatçylyk, oba hojalyk we ykdysady gatnaşyklar ýaly dürli ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda, bu maksatnamanyň çäklerinde transport we energetika pudaklarynda taslamalaryň üstünde işlenýändigini belledi. Şeýle hem, bu Maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga açykdyklaryny belläp, türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynda işleşmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Soňra, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) synçy derejesini almagy bilen gutlady.Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy üçin 2019-njy ýyldan bäri goldaw berýändigini aýtdy. Şeýle hem, bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini belledi.

Jenap Artur Andrysiak, ýurdumyzyň maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlary we Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki görkezmelerini ýakyndan öwrenýändiklerini belledi. Şeýle hem, bu ugurlarda işleşmäge we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. 

Mundan başga-da, Jenap Artur Andrysiak Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan ýurdumyza ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, makroykdysady maýa goýumlary dolandyrmak we strukturalaýyn özgeriş ugurlary boýunça tehniki ýardam bermäge taýýardyklaryny aýtdy. 

Şeýle hem myhman, kiçi we orta telekeçiligi, hususan-da ýurdumyzyň eksportçylaryny goldamak maksady bilen taslamalaryň üstünde işlenýändigini belledi. 

Mundan başga-da, elektrik stansiýalaryny döwrebaplylaşdyrmak we netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenýändigi barada aýtdy. 

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde degişli goldawlary bermäge, ýurdumyz bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.