Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr.

Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlary önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr. Olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde we haryt bolçulygyny kemala getirmek işlerinde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, hususyýetçileriň ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek işleri toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önümçiliginde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Telekeçiler soňky ýyllarda yhlasly işjeňligi bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga we işlerini döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýarlar. Hususan-da, bu gün türkmen telekeçileri azyk senagatynyň köpugurly pudaklaryny işjeň giňeldýärler. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň işiniň işjeňleşdirilmegi bilen, täze iş orunlary döredilýär, önüm öndürilişiniň görnüşleri we möçberleri artýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti döretmek döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň netijeli hem-de sazlaşykly ösüşi, hususy başlangyçlaryň öňe sürülmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import çärelerini geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgyt we karz ulgamlary onuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazarlary ýerli önümçiligiň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet maksatnamasynda birnäçe toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Maliýe-ykdysady we bank ulgamlaryndaky düýpli düzümleýin özgertmeleriň geçirilmeginde, şeýle hem bazar ykdysady şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda uly işler üstünlikli amal edilýär.

Döwletimiziň import strategiýasyny amala aşyrmakda telekeçilige möhüm ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen delillendirip bolar. Birinjiden, häzirki döwürde hususy kärhanalar ýurdumyzda jemi hereket edýän kärhanalaryň dörtden üç bölegini düzýär. Bu maglumat hususyýetçilik ulgamynyň täze gymmaty döretmekde egsilmez çeşmedigini, ykdysady garaşsyzlygy üpjün etmegiň netijeli ýoly bolan bu syýasaty üstünlikli amala aşyrmakda onuň kuwwatly güýç bolup durýandygyny görkezýär. Ikinjiden, telekeçilik işi özüniň içki mazmuny boýunça ykdysadyýetde bolup geçýän özgerişliklere çalt seslenmek we tiz uýgunlaşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Hut şu aýratynlyklar importyň ornuny tutýan önümçilikleri gysga wagtda döretmäge mümkinçilik bermek bilen, ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. Ahyrky netijede, şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna getirýär.

Türkmenistanda işewür düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär, häzirki zaman söwda toplumlary, dükanlar, dürli hyzmat ediş desgalary gurulýar. Bu söwda we bazar hyzmatlaryny ösdürmekde hususy işewürligiň aýgytly ornuny ýüze çykarýar. Telekeçiler gurluşyk serişdeleri, metal önümleri, durmuş himiýasy, elektrik enjamlary, mebeller, keramika we plastmassa önümleri hem-de beýlekiler ýaly ozal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümleri öndürmekde üstünlik gazanýarlar.

Kiçi we orta işewürlik ýurduň eksportyny ösdürmek boýunça hem uly mümkinçilige eýedir. Milli ykdysadyýetimizde öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary hilli, görnüşleri we bezeg aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes bolmadyk önümleriň sanawy has-da giňeýär. Ýurdumyzyň içerki bazarlary we daşarky bazarlary süýt we süýt önümleri, towuk eti, ýumurtga, balyk we balyk önümleri, pomidor, hyýar, üzüm, mal eti, şöhlat önümleri, miwe şireleriniň we alkogolsyz içgileriň dürli görnüşleri, süýji-köke, bakja önümleri bilen üstünlikli üpjün edilýär.

Telekeçiler we hususyýetçiler ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Bu kärhanalaryň esasy bölegi gurluşyk materiallaryny, ýagny, çagyl we ýuwlan çägäni, keramiki we gazbeton kerpiçleri, mermer plitalary, polietilen turbalary, ýylylyk izolýasiýa harytlaryny we ýüzlerçe beýleki önümleri öndürýän kärhanalardyr. Türkmen telekeçileri halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar. Geçirilýän halkara söwda sergileri daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmekde hem-de öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýär. Döwlet bähbitli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde daşary ýurtly işewürler bilen tejribe alyşmaklyga uly mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan şähergurluşygyna işjeň gatnaşyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny gurýarlar.

Goý, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ali KULIÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň esasy hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20123