Ýokary hil — esasy görkeziji

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň ussat tikinçileri ýokary zähmet netijelerini gazanýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri fabrik boýunça 11 million 400 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 107,7 göterim berjaý edildi. Kärhanada önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş gazanyldy. Önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bu ýerde çagalar üçin tikilýän egin-eşikler, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar.

«Çeper» tikin fabriginiň bölek satuw üçin täze biçüwdäki, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlary arkaly ilata ýetirilýär. Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyryldy. Önümleriň hil we mukdar derejesi hemişe gözegçilikde saklanýar. Bu babatda geçirilýän önümçilik çäreleri fabrikde işleriň göwnejaý, şu günüň talabyna laýyklykda alnyp barylmagyna oňaýly şertleri döredýär.

Amanmyrat SAPAROW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45695