Haýyr-sahawat gaznasy hakyndaky täze neşir — ynsanperwerlige we sogaply işlere çagyryş

Mälim bolşy ýaly, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şol dabaranyň öňüsyrasynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi. Taryhy wakanyň şaýady bolan ildeşlerimiz bu täze neşiriň ilkinji okyjylary boldular. Şu günler ýurdumyzda türkmen, iňlis we rus dillerinde haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri giňişleýin beýan edilýän bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerim alýar. 

                                                                   

«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň ýolbaşçylarynyňdyr işgärleriniň gatnaşmagynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Dabaralarda çykyş edenler täze kitabyň sowgat berilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, bu neşir arkaly ýaş nesliň abadançylygy baradaky aladanyň döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ileri tutýan wezipesi bolup durýandygyna aýdyň göz ýetirip bolýandygyny aýratyn nygtadylar. Giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretjek täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr. Çykyş edenler neşiriň elimize gowşan günündäki taryhy wakanyň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ähmiýetine üns çekip, munuň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezýändigini, ildeşlerimiziň bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýandygyny bellediler. 

                                                                   

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan tanyşdyrylyş dabaralarynyň ýene biri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli «Arkadag şäheri — durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawy we kämil şäheri» diýen at bilen geçirilen maslahat bilen utgaşdy. Bu ýerde çykyş edenleriň käbiri täze kitapdaky: «Bagtly bolmak hukugy sözüň doly manysyndaky ruhy ahwaldyr, beýik derejedir. Çünki hyýallary hakykata öwürýän güýji döredýän hem adamlardyr. Hossarlyga almak, mätäje kömek etmek ýörelgeleri adamkärçilige mahsus sypatlar hökmünde ir döwürlerden bäri bellidir. Sebäbi hakyky adam bolmagyň manysy hem mätäje edilýän goldawda, ejize hemaýat goluňy uzatmakda ýüze çykýar» diýen sözleri mysal getirip, onuň her bir ynsanda adamkärçilik duýgusyny artdyrmakda, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgelerini ösdürmekde örän ähmiýetli neşire öwrüljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri entek uzak wagt geçmedigem bolsa, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler nijeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç nijeme çaganyň kalbyna sahawat nuruny eçildi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, haýyr-sahawat gaznasyna Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bu gün biziň hemmämiz ýurdumyzda howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat ýaly durmuşy gözelleşdirýän asylly ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys. Kitabyň «Gurplulygyň öz şertleri bar» diýen bölüminde nygtalyşy ýaly, gaznanyň açylmagy ýurduň her bir raýatynyň haýyr-sahawat etmegine hem mümkinçilik döredýär. Ilatyň agramly böleginiň hossarlyk goluny uzatmaga gurbunyň çatýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen ilkinji günlerinde işleriň nirede, haýsy ugurlarda alnyp barylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy kesgitlenildi. Gaznanyň işi näçe giň gerim aldygyça, haýyr-sahawat edýänleriň sany hem köpeldi. Netijede, howandarlyga mätäç raýatlar özlerine gerekli kömegi alýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň döredilenden bäri geçen gysga döwrüň dowamynda onuň serişdeleriniň hasabyna operasiýalaryň onlarçasynyň geçirilendigini, şolaryň aglabasynyň bolsa doga ýürek kemisliginden ejir çekýän çagalarda ýerine ýetirilen operasiýalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem bilim alýan ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şu geçen döwrüň içinde hossarsyz çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna geçirilen ýürek, bogun, göz operasiýalary maliýeleşdirildi. Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Diýarymyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. 

                                                                   

Şu ýylyň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna doganlyk Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagy bolsa onuň işiniň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär. Munuň özi gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz şunuň ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belleýärler.   

                                                                   

Täze kitapda nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy tutuş jemgyýetiň ynsanperwerlikli gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. Ejizi goldamak ýeke bir adamyň wezipesi däl, ol tutuş jemgyýetiň, döwletiň wezipesidir. Şoňa görä-de, pederlerimiziň ejize howandarlyk etmek däpleri we kadalary döwlet syýasatymyzda-da öz beýanyny tapýar. Bu gün türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň, raýdaşlygyň binýady bolup, halkymyzy has-da jebisleşdirýär. Biz hem ýurdumyzda haýyr-sogaply işleriň amal edilmegine giň gerim beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze taryhy döwürde şol asylly işleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

“Türkmenistan”.