Ylmyň hem yhlasyň sazlaşygy

Dag etegindäki aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän giň meýdana ekilip, gök öwsüp oturan miweli baglar gözüňi dokundyrýar. Şol baglardan hasyl almak üçin siňdirilýän yhlasy we peýdalanylýan tehnologiýalary göreniňde buýsanjyň artýar. 2021-nji ýylyň ýazynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparlarynyň birinde Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi, hususan-da, bu ýerdäki inžener-tehniki düzümler bilen tanşyp, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak boýunça öwüt-ündewlerini beripdi. Şondan iki ýyl çemesi wagt geçensoň, bize-de halkymyzyň Milli Lideriniň sahawatly gadamynyň düşen ýerlerinde saparda bolup, keremli topragymyzyň rysgal-berekedine guwanmak miýesser etdi. 

                                                                   

Ata-babalarymyzdan galan «Agzybire Taňry biýr» diýen pähim bar. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleriniň güýçlerini birikdirip döreden «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işleri hem peder paýhasyndaky hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. 2019-njy ýylyň ýazynda 1 müň 200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar geçen ýyl bereketli toprakda ösdürip ýetişdiren badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglaryndan ilkinji hasyly ýygnadylar. «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli ýer böleginde gurlan 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhana toplumyndaky banandyr sitrus önümleri bolsa ylym bilen yhlasyň sazlaşygynyň güýjüni görkezýär. 

                                                                   

Ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullaryň hem-de tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üstünlikleriniň gözbaşydyr. Bu ýerdäki ekinleri suwarmak üçin Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden başlanýan suwaryş ulgamynyň gurluşy täsinligi bilen tapawutlanýar. Derýanyň suwy kuwwatly suw sorujylar arkaly sakadan 27,5 kilometr uzaklykda ýerleşýän göwrümi 70 müň we 100 müň kub metre barabar bolan suw howdanlarynyň ikisine eltilýär. 180 metrden gowrak belentlikde ýerleşýän howdanlarda toplanýan suw inženerçilik-tehniki desgalaryna birikdirilen damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly ekin meýdanlaryna paýlanýar. Damjalaýyn suwaryş ulgamynda ösümligiň diňe köküniň ýaýraýan çägine suw berilýär. Şeýle usulda örän köp möçberde suw tygşytlanýar. 

                                                                   

Ekin meýdanlaryny suwarmagyň awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylmagy we sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy tebigatyň gymmatly baýlygyny tygşytly harçlamaga hem-de akabalary arassa saklamaga mümkinçilik berýär. Hünärmenler tarapyndan ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň we dökünleriň gerekli möçberiniň anyklanylmagy, ýerli toprak-howa şertleriniň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy, ekiljek bag nahallarynyň dogry saýlanyp alynmagy we talabalaýyk oturdylmagy ýokary hasyl almaga kömek edýär. 

                                                                   

Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryna aýlananyňda, bu ýerdäki miweli baglaryň bir böleginiň üstüniň tor görnüşli ýaşyl reňkli örtgi bilen örtülendigi ünsüňi çekýär. Baglaryň ýetişen hasylyny Günüň ýiti şöhlelerinden goramaga niýetlenen şeýle örtgüler miweleriň daşky keşbiniň gelşikliligini saklamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýakynda garalydan bol hasyl alan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ekin ýerlerinde häzirki günlerde şetdaly, alma ýaly miweleriň hasyly ýygnalýar. Armyt, hurma, badam ýaly miweli baglardan hem ýokary hasyla garaşylýar.  

                                                                   

Işleriniň gerimini barha giňeldýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň başynda meýdany 1600 gektara barabar bolan täze ýer bölegini hem özleşdirip, bu ýerde badam agaçlaryny ösdürip ýetişdirmäge başlady. Dag eteginiň oňaýly howa şertleri bu ösümlikden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. «Badam agajynyň hasyly ekilen wagtyndan soňky üçünji ýylda hasyl bermäge başlaýar. Altynjy we ýedinji ýylynda bolsa doly hasyllylyga durýar. Şonda 1 gektar meýdandan 2 tonna töweregi arassa maňyz, ýagny ahyrky önüm alyp bolýar. Talabalaýyk ideg edilen halatynda agajyň her düýbünden ortaça 6 kilograma çenli hasyl almak mümkin. Badamyň maňzy terligine azyk hökmünde ulanylýar, konditer önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Şeýle hem ondan badam ýagy, badam uny, badam süýdi we goýaltma taýýarlanylýar. Lukmanlar bu önümleriň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny belleýärler. Badamyň diňe bir miwesi däl, eýsem, daşky gabygy hem senagatyň dürli ugurlarynda ulanylýar. Ony ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ýa-da gurluşyk materiallarynyň käbir görnüşlerini öndürmekde çig mal hökmünde peýdalanyp bolýar» diýip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş agronomy Sapa Berdiýew gürrüň berýär. 

                                                                   

Bu ýerde ýygnalan hasyly saklamak üçin sowadyjy ammaryň we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümhanalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Şeýle hem geljekde dagdan inýän sil suwlaryny toplap, ekin meýdanlaryny suwarmaga niýetlenen inženerçilik ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam goşmaça suw gorlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan sazlaşykly işlerde tarp ýerleri özleşdirmek, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa we saglyk üçin peýdaly miwelerdir gök-bakja ekinleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, tebigatyň abadançylygyny gorap saklamak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşulýan mynasyp goşant görünýär. Bizem hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatyndan ruhlanyp, yhlasly zähmeti bilen toprakdan rysgal tapan işewürlere mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan»