Yklymlara nur paýlaýan gönezlik

Keramatly türkmen topragynyň asty-da, üsti-de tükeniksiz hazyna. Üstünde bitýän, sanasaň san ýetmez ösümlikleriň uzap gidýän hatary göreni haýrana goýýan bolsa, astyndan ummasyz gora eýe bolan «garadyr mawy altyn» çogup çykýar. Türkmeniň nebitidir gazy genji-hazyna bolup, bu gün dünýäni haýrana goýýar. Sebäbi Türkmenistan uglewodorod baýlyklary babatda dünýäde öňdäkileriň hatarynda durýar.

Islendik ýurt barada öwrenilende, ilki bilen, şol döwletde nähili önümleriň önýändigi, onuň haýsy tebigy baýlyklara baýdygy bilen gyzyklanylýar. Biziň bereket çeşmesi hasaplanylýan Diýarymyzda bolsa önmejek zat ýok. Onda-da janypkeş halkymyzyň zähmeti bilen türkmen topragynda kemala gelýän datly miweler, tebigy ýer gorlaryndan gazylyp alynýan önümler diňe bir ýurduň öz çägine däl, jahanyň jümmüşine ýol salyp, çar ýana ýaýraýar.

Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalar, amala aşyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, tutumly taslamalar Türkmenistany diwersifikasiýa ýoly bilen öňe barýan, senagat taýdan ösen ýurda öwürmegi başardy. Islendik gurlan hem gurulýan dürli maksatly desgalardyr binalaryň gurluşygy, badalga alan ululy-kiçili taslamalar, ilkinji nobatda, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi bilen bagly bolýar. Türkmenistan bolsa XXI asyryň talaplaryna doly kybap gelýän ençeme energiýa taslamalaryny dünýä hödürleýär. Muňa 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan bölegine badalga berilmegi aýdyň mysaldyr. Bu taslama özüniň asyrlara barabarlygy, tutuş dünýä dahyllylygy bilen oňyn seslenme döredýär.

Hormatly Prezidentimiz bu taryhy taslama bilen bagly eden çykyşynda: «Umuman, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş ýerlerini döretmäge, täze ýaşaýyş-durmuş maksatly hem-de önümçilik desgalaryny gurmaga uly itergi berer we iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik döreder. Bu işleriň ählisi adamlaryň abadançylygyna hyzmat edip, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Bu babatda taslamanyň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň esasy bähbitlerine laýyk gelýär» diýip, jaýdar belläpdi.

Bu gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metr möçberinde türkmeniň tebigy gazy goňşy döwletlere akar. Bu taryhy taslama ýurtlaryň we halklaryň bilelikdäki bähbitlerine hyzmat edip, sebitde parahatçylygy durnuklaşdyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berer. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Bu gaz geçirijisi biziň ýurtlarymyzy bilelikdäki maksatlarymyza anyk düşünmegiň, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýdyň görmegiň esasynda hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly has-da berk baglanyşdyrar, biziň umumy üstünligimiziň, geljekdäki sazlaşykly we netijeli işlerimiziň girewüni men şunda görýärin. Bu taslama gatnaşyjy doganlyk ýurtlaryň Baştutanlarynyň parahatçylyk söýüjiligi, öňdengörüjiligi we syýasy erk-islegi ony amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar» diýen sözleri Türkmenistanyň sebite we dünýä edýän oňyn täsiriniň gysgaça häsiýetnamasydyr.

Taryh üçin juda gysga möhletde türkmeniň «mawy ýangyjy» ilki Owganystany, ondan aşyp Pakistany, ahyrky nokatda bolsa başy bulutlar bilen birleşýän Gimalaýyň eteklerini jähekläp oturan hindi topragyny ýyladar. Asyryň ägirt taslamasy bolan bu gaz geçirijisiniň özüne esas edinen ýörelgesi, ilki bilen, Owganystanda parahatçylygy berkitmekden, syýasy durnuklylygy hem ykdysady ösüşi pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan häzirki wagtda suwuklandyrylan gazy öndürmekde hem ony daşarky bazarlara çykarmakda Merkezi Aziýada öňdebaryjy döwlet hasaplanylýar. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň tehnologiýalary ornaşdyrylan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, Bagajadaky, Naýypdaky senagat toplumlarynda öndürilýän suwuklandyrylan gaz, esasan, goňşy döwletlere, hatda Ýewropa ýurtlaryna hem ugradylýar. Geljekde köptaraplaýyn hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklaryň has-da giňelmegi bilen Ýuwaş ummany — Aziýa döwletleriniň isleg bildirýän ýurtlaryna hem türkmen ýangyjynyň barjakdygyna ynamymyz kämildir.

Tebigy gazy ulanmagyň we ugratmagyň iň ygtybarly hem tygşytly ýoly turba geçirijiler bolup durýar. Bu energiýa köprüsi ýurtlary we yklymlary birikdirmekde, ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmekde wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanyň öňe sürýän esasy ýörelgesi goňşy ýaşaýan doganlyk halklar bilen dostana gatnaşyklaryň çygryny giňeltmekden, deňhukukly ykdysady hyzmatdaşlyk esasynda sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy berk berjaý etmekden, nebitdir gazy hem beýleki uglewodorod serişdelerini umumadamzat gülleýşiniň hatyrasyna ýakyn-u-alys ýurtlara ugratmakdan ybarat. Iň wajyby bolsa, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, ilki bilen, öz halkymyzyň hajatlaryna doly sarp edip, galanlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak arkaly milli ykdysadyýetimizi pajarlatmak, şeýdibem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini iň ösen döwletleriň derejesine ýetirmekdir.

Ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy — yklymlara nur paýlaýan gönezlik bolup geljekde-de hyzmat eder. Türkmeniň gazy öz çäginden çykyp, goňşularynyň ojaklaryny ýyladýarka, jümle-jahany nur bolup çoýýarka, Ýer ýüzünde Diýarymyzyň ady geçmişde-de bolşy ýaly, altyn harplar bilen ýazylar durar, ýazylar durar.

Aýnabat NAZAROWA,

«Esger».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35796