Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmakda, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we yzygiderli ösdürmekde alnyp barylýan netijeli işler döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ilkinji nobatda, içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy. Türkmen halkyna bagtyýarlygyň bedew batly ösüşleriniň ýaran bolan, ýagny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň hukuk esaslary yzygiderli berkidilýär.
Garaşsyz döwletimiziň aýdyň geljegini üpjün etmäge gönükdirilen bu ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysady ulgamda täze önümçilik gatnaşyklary emele geldi.
2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylýan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuknamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak we ony halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun milli ykdysadyýetimizi ýokary depginlerde ösdürilmegine, Döwlet býujetiniň esasy bölegi býujetden maliýeleşdirilýän dürli edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna we bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen 9 maddadan ybaratdyr.
Goý, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan belent maksatly işleri hemişe ugruna bolsun.
Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.