Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak ýylynyň ilkinji günleriniň göwün göteriji şanly wakalar bilen başlanmagy tutuş ýylymyzyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy bolup kalplara doldy. 14 —15-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň ýurdumyzyň gündogar welaýatyna düşmegi bolsa, lebaply zähmetkeşleri diýseň begendirip, depesini gök diretdi. Çünki milli Liderimiziň şa gadamynyň düşen ýeri berekede beslenip, gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz biziň welaýatymyza bolan şu gezekki iş saparynyň çäklerinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitjek, öz halkymyzyň hem-de goňşy owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek birnäçe iri desgalary ulanyşa girizmäge ak patasyny berdi. Şolaryň biri Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgadyr. Her ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan bu desgada döwrümiziň iň ygtybarly enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyrylypdyr.
Maglumatlara görä, bu gaz ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. «Malaý» gaz käni diňe bir ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini we senagat kärhanalarynyň birnäçesini tebigy gaz bilen üpjün etmän, eýsem, asyryň iri taslamasy hökmünde meşhurlyga eýe bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara gaz magistraly bilen «Malaý» gaz känini uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri işe girizilip, 60-a golaý iş ornunyň döremegine mümkinçilik açan täze gaz gysyjy desga Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýän, gurýan, döredýän hem-de iri taslamalary amala aşyrýan döwletdigini ýene bir gezek äşgär etdi.
Elbetde, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza bolan iş saparynyň dowamynda Türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň berkdigini, milli Liderimiziň belent ynsanperwerligini bütin aýdyňlygy bilen halkara jemgyýetçiligine ýaýan göwün göteriji wakalar başga-da köp boldy.
14-nji ýanwarda Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde onlaýn ýagdaýynda Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, umumy uzynlygy 153 kilometr, kuwwaty 500 kW bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we ulag geçirijileriň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi aýdanlarymyzyň anyk mysalydyr. Bu dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem teleköpri arkaly gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyza we ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Munuň özi Owganystan bilen dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalanýandygynyň, goňşy döwlete edýän ynsanperwer ýardamlarymyzyň Owganystanyň parahatçylykly ösüş ýoluna düşmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Zerur mahaly goňşa doganlyk goluny uzadyp, köpugurly goldaw-hemaýatyny edýän Gahryman Arkadagymyzy bu günki gün bütin dünýä belent ynsanperwer Lider hökmünde tanaýar. Birleşen Milletler Guramasynda hormatly Prezidentimiziň diňe parahatçylykly ýol bilen, ykdysady ýardamlary etmek arkaly Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmagyň mümkindigi hem-de ol döwletiň ykdysadyýetiniň ýola düşüp gitmegini gazanyp boljakdygy barada aýdanlaryna ýokary baha berilýär. Munuň özi Arkadagly döwletiň raýatlary bolan bizi juda buýsandyrýar.
Goý, mähriban hem Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt we bütindünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.