Ykdysadyýetiň rowaç ugry

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde iň täze we döwrebap tehnologiýalara esaslanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy.

Şeýle hem şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamy kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde türkmen halky gündelik durmuşda, okuwda we işde, her ädimde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerinden hem-de artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan tapgyrlaýyn özgertmeler ýurdumyzda uzak möhletleýin we köptaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, düýpli döwlet dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam bermek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaga hem gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz 8-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary bilimiň iki basgançakly ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işini dowam etmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny ulanmak bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak işleriniň ýeterlik derejede alnyp barylmagyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly bilime, aýratyn-da, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýete doly geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns berilmegini talap etdi.

Sanly ykdysadyýete doly girişmek işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählitaraplaýyn ösüşiň esasy görkezijisi bolmak bilen, halkara maglumatlar giňişligine aralaşmagyň we ondaky maglumatlary peýdalanmagyň ygtybarly ýoly hasaplanylýar. Sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlaryň işine barha çuňňur ornaşmagy işiň ýerine ýetiriliş tizligini, ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem döwür bilen aýakdaş gitmegiň, dünýäniň syýasy, ykdysady we tehnologiýalar giňişligine ynamly goşulyşmagyň aýdyň maksatlaryny, ygtybarly umumymilli ösüşleri üpjün edýär. Sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ähli pudaklarda ýokary netijeleri görkezýär. Ýurdumyzdaky söwda merkezlerinde, dükanlarda plastik kart arkaly töleg geçirmek mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär. Şeýlelikde, durnukly ösüşi nazarlaýan ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär.

Şeýle uly ösüşleri gazanmakda sanly ulgamyň saldamly goşandynyň bardygy ählimize mälimdir. Bu babatda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir, çünki innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarydyr. Şunda bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly ugurlara hem üns berilýär. Bu bolsa durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi.

Sözüň doly manysynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebap tehnologiýalar arkaly ösdürmek üçin toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Beýik taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýet bilen bir hatarda ylym-bilimi hem ösdürmekde, ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda durmuşa geçirýän işlerine has-da aýdyň göz ýetirýäris. Şeýlelikde, bu günki ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sagdyn pikirli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişýärler. Bu bolsa biziň her birimizi buýsandyrýar, köňül guşumyzy ganatlandyrýar.

Annadursun TATOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21118