Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, durnukly ösüşleriň depginini saklamagy üns bermäge laýyk ýagdaýdyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň hut Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmek üçin Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüşlerimizi berkitmek ugrunda tutanýerli işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň öňe hereketlenmegine has-da oňyn täsir etdi.
Geografik taýdan hem döwletimiz amatly ýerde ýerleşýär. Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köpsanly amatly şertlere eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bu şertlerden ýerlikli peýdalanylyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin döwrebap işler durmuşa geçirildi. Ilki bilen döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilendigini aýtmak gerek. Bu bolsa öz gezeginde düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýetimize çekmek işini has ýeňilleşdirdi. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi emele getirildi. Munuň üçin dürli möhüm desgalar guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberde maýa goýmaga amatlylyklary bolan ýurtlaryň biri hasap edilýär.
Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.
Ýurdumyza myhman bolup gelýänler il-ýurt bähbitli, sebit ähmiýetli iri taslamalaryň haýran galdyryjy çaltlykda amala aşyrylýandygyny belleýärler. Türkmenistana her gezek gelenlerinde ýurduň tanalmaz derejede özgerýändigini görýändiklerini guwanç bilen beýan edýärler. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna berilýän mynasyp bahadyr. Biz bu berilýän bahalary eşidip, şeýle ajaýyp ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Häzirki döwürde sebitde işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň diňe bir sebitde däl, eýsem, global derejede oňyn netijeleri gazanmaga şert döredýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň durnuklylygy hem gazanylýar. Munuň özi ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly itergi berýär.
Klara SADATOWA,
Köýtendag etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.